mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK
Arhiw
news-photo

03.11.2026

total-veiw

2514

Türkmenistanyň Prezidenti «Toyo Engineering Corporation» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen «Toyo Engineering Corporation» kompaniýasynyň prezidenti, Baş ýerine ýetiriji direktory, wekilçilik müdiri Eiji Hosoini kabul etdi.

news-photo

03.11.2026

total-veiw

1856

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisi bilen duşuşdy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisi Pol Kapur bilen duşuşdy.

news-photo

03.11.2026

total-veiw

3960

Gurluşyk we senagat toplumynyň ösüşine bagyşlanan halkara forum

Şu gün paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara sergi we maslahat öz işine başlady. Halkara forum ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwrülmeginde möhüm orun eýeleýän pudaklaryň mümkinçilikleri bilen giňişleýin tanyşdyrýar.

news-photo

03.11.2026

total-veiw

3624

Türkmen mugallymlary halkara bilim maksatnamasyna gatnaşýarlar

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlary türki dünýäsiniň döwlet işgärleri, mugallymlary we ylmy işgärleri üçin niýetlenen «KatipAta» atly halkara bilim maksatnamasyna gatnaşýarlar.

news-photo

03.11.2026

total-veiw

3460

Türkmenistan «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» strategik institutlarynyň ilkinji forumyna gatnaşdy

31-nji oktýabrda Belgiýa Patyşalygynyň Brýussel şäherinde «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi: üýtgeýän dünýäde hyzmatdaşlygyň özgerişi» atly strategik institutlaryň ilkinji forumy geçirildi.

03.11.2026

total-veiw

4225

Döwletara hyzmatdaşlyk ösdürilýär

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 30-njy oktýabrda geçirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň XIII sammitine gatnaşmagy ýurdumyzyň türki halklar bilen taryhy we medeni ýakynlyga esaslanýan gatnaşyklary häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini görkezýär. 

news-photo

03.11.2026

total-veiw

4155

Ýerli howa şertlerini gowulandyrmagyň we biodürlüligi gorap saklamagyň hatyrasyna

Daşoguz welaýat tokaý hojalygynyň hünärmenleri güýzki möwsümleýin işleriň gyzgalaňly döwrüni başdan geçirýärler. Bu günler alnyp barylýan işleriň möhüm ugurlarynyň biri agaçlaryň we gyrymsy ösümlikleriň tohumlaryny ýygnamakdan ybaratdyr. Tokaýçylyk işiniň bu görnüşine aýratyn ähmiýet berilýär. Sebäbi ol geljekde sebitiň ýaşyl guşagyny dikeltmekde we giňeltmekde möhüm ähmiýete eýedir.

news-photo

03.11.2026

total-veiw

3055

Balkan welaýat tapgyry geçirildi

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ̶ bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Balkan welaýatynyň merkezi Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda guralan bäsleşik baý mazmuna, egsilmez joşguna, aýratyn ähmiýete eýe boldy. 

news-photo

03.11.2026

total-veiw

3475

Türkmenistanyň şähergurluşygynda milli binagärlik däpleri we innowasiýalar sazlaşykly utgaşýar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň işgärlerine iberen Gutlagynda häzirki zaman milli binagärlik çözgütleriniň özboluşly aýratynlyklaryna ünsi çekdi.

news-photo

03.11.2026

total-veiw

3175

Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleri döwletimiziň durmuş-ykdysady ösüşine uly goşant goşýarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hünär baýramy mynasybetli ýurdumyzyň gurluşyk we senagat toplumynyň işgärlerine Gutlagyny iberip, olaryň döwletimiziň durmuş-ykdysady ösüşine goşýan saldamly goşandyny aýratyn belledi.

...3495