mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK
Arhiw
news-photo

26.10.2026

total-veiw

2746

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň we BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekiliniň arasynda duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 26-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan bilen duşuşygy geçirildi.

news-photo

26.10.2026

total-veiw

3560

Türkmen talyby Ýaponiýanyň Tohoku uniwersitetinde bir ýyllyk okuw geçýär

Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň biotehnologiýa we ekologiýa fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Suraý Baýryýewa Ýaponiýanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Tohoku uniwersitetinde talyplary alyşmak maksatnamasy boýunça bir ýyllyk okuw geçýär.

news-photo

26.10.2026

total-veiw

3644

«Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» atly halkara forumy halkara energetika hyzmatdaşlygyny berkidýär

Paýtagtymyzda 21 – 23 oktýabr aralygynda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» (OGT 2026) atly halkara maslahaty we sergisi halkara hyzmatdaşlygyň, tehnologik täzelikleriň hem-de uzak möhletli maýa goýumlaryň Türkmenistanyň energetika pudagyny ösdürmekdäki ähmiýetini tassyklady.

news-photo

26.10.2026

total-veiw

3001

Ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howa barada maglumat

Şu hepdäniň dowamynda ýurdumyzyň çäginde maýyl howanyň bolmagyna garaşylýar. Gündizlerine howanyň temperaturasy +26 gradusa çenli ýokarlanar.

news-photo

26.10.2026

total-veiw

3850

TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriniň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 970 müň dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriniň 10-sy hasaba alyndy.


news-photo

26.10.2026

total-veiw

4050

«Täze aý önümleri» hojalyk jemgyýeti önümçiligini has-da artdyrar

Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Täze oba» daýhan birleşiginiň çäginde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Täze aý önümleri» hojalyk jemgyýetiniň kuwwatlylygy bir ýylda 50 müň tonna süýdi gaýtadan işleýän kärhanasynyň açylyş dabarasy boldy.

news-photo

26.10.2026

total-veiw

3741

Türkmenistanyň Prezidenti Awstriýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti Aleksandr Wan der Bellene hem-de ýurduň ähli halkyna Awstriýa Respublikasynyň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

25.10.2026

total-veiw

8356

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly adyny dakmak hakynda

Türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan alabaý itlerini häzirki zaman dünýä ylmynyň gazananlaryny ulanmak arkaly talabalaýyk saklamakda, ýetişdirmekde, köpeltmekde, olaryň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda, milli itşynaslyk mekdebiniň iň gowy däplerini wagyz etmekde bitiren uly hyzmatlary üçin hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we göreldeli zähmetini nazara alyp, şeýle hem Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli, karar edýärin:

25.10.2026

total-veiw

8341

“Ýylyň türkmen edermen alabaýy” atly halkara bäsleşiginde ýeňiji bolan türkmen alabaý itiniň eýesini “Toýota Camry” kysymly ýeňil awtoulagy bilen sylaglamak bellenildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda her ýylyň oktýabr aýynda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli türkmen alabaý itleriniň arasynda geçirilýän «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisini höweslendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.

news-photo

25.10.2026

total-veiw

3292

Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar

Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasynyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan, şeýle hem hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňize, ýurduňyzyň Hökümetine we halkyna mähirli salamymy ýetirmäge we şanly baýram — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli iň gowy arzuwlarymy beýan etmäge şatdyryn.

...3498