07.10.2026
4374
Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk Toparynyň nobatdaky mejlisi
Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň (AHEHG) döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk Toparynyň 95-nji mejlisi geçirildi.
07.10.2026
4533
Suw serişdelerini rejeli ulanmak meselelerine bagyşlanan duşuşyk geçirildi
Şu gün “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda sebitiň iri derýalarynyň — Amyderýanyň we Syrderýanyň suw serişdelerini rejeli ulanmak meselelerine bagyşlanan Merkezi Aziýa döwletleriniň ýokary derejeli duşuşygy geçirildi. Oňa ugurdaş ministrlikleriň ýolbaşçylary, suw hojalyk pudagynyň bilermenleri gatnaşdylar.
07.10.2026
3166
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda GDA agza ýurtlaryň döwlet we jemgyýetçilik teleradioýaýlymlarynyň ýolbaşçylarynyň mejlisi geçirildi
Şu gün Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň döwlet we jemgyýetçilik teleradioýaýlymlarynyň ýolbaşçylarynyň mejlisi geçirildi. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň möhüm wakasyna öwrülen çäreleriň dowamynda degişli ugur boýunça ýola goýlan gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we media ulgamyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
07.10.2026
3487
Azyk bolçulygyny pugtalandyrmak — ählumumy wezipe
Şu gün “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň 27-nji mejlisi geçirildi. Giň möçberli forum Arkalaşygyň ýurtlarynyň oba hojalyk edaralarynyň ýolbaşçylaryny, alymlaryny we seçgiçilik merkezleriniň wekillerini bir ýere jemledi.
07.10.2026
3814
Medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ilerledip
Şu gün Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherindäki Ruhyýet köşgünde giň möçberli medeni çäre — “Tatar gyzy — 2026” halkara bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Bu taslama tatar halkynyň baý taryhy mirasyny we ruhy gymmatlyklaryny gorap saklamaga gönükdirilendir.
07.10.2026
5177
Türkmen türgenleri XX tomusky Aziýa oýunlaryndaky çykyşlaryny iki kümüş medal bilen tamamladylar
Türkmen türgenleri Ýaponiýanyň Aýti prefekturasynyň merkezi Nagoýa şäherinde iki hepde dowam eden XX tomusky Aziýa oýunlaryndaky çykyşlaryny iki kümüş medal bilen tamamladylar.
07.10.2026
5048
Türkmen tennisçileri Täjigistanda ATF bäsleşiginde sekiz medala eýe boldular
Ýaş türkmen tennisçileri 14 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Duşanbede geçirilen Aziýanyň Tennis federasiýasynyň halkara ýaryşlarynyň üçüsinde sekiz görnüş boýunça medallara mynasyp boldular.
07.10.2026
2423
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagy – halkara diplomatiýasynyň we hyzmatdaşlygyň merkezi
7–9-njy oktýabr aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy halkara duşuşyklaryň we forumlaryň geçiriljek esasy meýdançasyna öwrüler.
07.10.2026
3524
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Halkara zenanlar dialogy geçirilýär
Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny» atly Halkara zenanlar dialogy öz işine başlady.
07.10.2026
2872
Walentina Matwiýenko O. Atabaýewanyň halkara zenanlar forumlaryny taýýarlamakda we geçirmekde goşan uly goşandyny belledi
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen duşuşygy boldy.