18.11.2026
1719
Türkmenistan bilen Koreýa ýokary bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürýärler
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň wekiliýeti Koreýa Respublikasynyň Çhunçhon şäherindäki Kanwon milli uniwersitetiniň binýadynda 10 – 13-nji noýabr aralygynda guralan «Kanwon milli uniwersiteti serhetsiz: ýokary bilim ulgamynda ählumumy ösüş we hyzmatdaşlyk» atly ählumumy hyzmatdaşlyk boýunça III halkara maslahatyna gatnaşdy.
18.11.2026
1625
Türkmenistanyň we Pakistanyň daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň duşuşygy
2026-njy ýylyň 17-nji noýabrynda Yslamabat şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Muhammet Ishak Dar bilen duşuşygy geçirildi.
18.11.2026
1835
Ömri žurnalistika öwrülen ynsan
Şu gün zehinli žurnalist, «Altyn asyr» elektron gazetiniň synçysy, ömrüniň 40 ýyla golaýyny žurnalistika bagyş eden Amangeldi Nurmyradowyň 64 ýaşy dolmalydy. Emma ykbal ony bu günleriň şatlygyny paýlaşmakdan mahrum etdi.
18.11.2026
3211
Türkmenistanyň gandbolçy gyzlary Daşkentde geçirilen «IHF Nations Trophy 2026» ýaryşynda kümüş medala mynasyp boldular
Türkmenistanyň gandbol boýunça zenanlar ýygyndy topary Daşkent şäherinde geçirilen taryhda ilkinji gezek guralan «IHF Nations Trophy 2026» atly halkara ýaryşynda kümüş medala mynasyp boldy. Baş tälimçi Gülendam Narbaýewanyň tälim berýän topary Özbegistanyň paýtagtynda dört duşuşyk geçirip, olaryň üçüsinde ýeňiş gazandy, diňe birinji orun ugrunda geçirilen jemleýji duşuşykda ýeňlişe sezewar boldy.
18.11.2026
2473
Türkmenistanyň Prezidenti Latwiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Latwiýa Respublikasynyň Prezidenti Edgar Rinkewiçe hem-de ýurduň ähli halkyna Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
17.11.2026
2167
Türkmenistanyň ulag diplomatiýasy: durnukly ösüşiň bähbidine sebitleri birleşdirip
Şu ýylyň 24 — 26-njy noýabrynda Aşgabatda ulag geçelgelerini, logistikany, sanly infrastrukturany, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge bagyşlanan «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2026» atly halkara maslahat we sergi, şeýle-de «Türkmentel — 2026» atly halkara sergi we ylmy maslahat geçiriler.
17.11.2026
1777
Parlamentara dialog boýunça netijeli hyzmatdaşlyk ilerledilýär
Şu gün paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň bitaraplyk syýasatyna we parlament diplomatiýasyna bagyşlanan ýokary derejeli üçünji Aşgabat maslahatynyň açylyş dabarasy hem-de birinji mejlisi geçirildi.
17.11.2026
2322
Türkmen talyplary Polşada matematika boýunça halkara olimpiadada altyn we bürünç medallary gazandylar
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary Polşa Respublikasynyň Katowise şäherindäki Sileziýa uniwersiteti tarapyndan 6 – 8-nji noýabr aralygynda guralan talyplaryň toparlaýyn halkara matematika olimpiadasynda (International Student Team Competition in Mathematics (ISTCiM)) üstünlikli çykyş etdiler.
17.11.2026
3047
Täze sahna oýnunyň ilkinji görkezilişi boldy
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatryrynda fransuz dramaturgy Žan-Pýer Abunyň «Şamlykda dörän şumluk» atly detektiw komediýasynyň ilkinji görkezilişi üstünlikli geçdi.
17.11.2026
2350
Ylym, tehnologiýalar we hyzmatdaşlyk: Aşgabat «Turkmen energy» halkara maslahatyny geçirmäge taýýarlanýar
«Turkmen energy» («TESC 2026») halkara ylmy-amaly maslahaty 2026-njy ýylyň 14 – 15-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde geçiriler. Maslahat energetika ylmyny ösdürmek, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak we halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meselelerine bagyşlanar.