mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK
Gözleg
Netijede : 34536 makala tapyldy

13.11.2026

total-veiw

4701

N.H.AGAHANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

Nazar Halnazarowiç Agahanowy, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri wezipesinden boşatmaly.


13.11.2026

total-veiw

4867

A.A.KÜRTOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

Aýmyrat Amandurdyýewiç Kürtowy “Türkmenpagta” döwlet konserniniň başlygy wezipesine belläp, ony “Türkmenpagta” döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmaly.

13.11.2026

total-veiw

4101

Bilelikdäki türkmen-pakistan hökümetara toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy

Türkmenistan bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

13.11.2026

total-veiw

3305

Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, N.Atagulyýewa käýinç yglan edildi

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.

news-photo

13.11.2026

total-veiw

2775

«Baku tangosy» – doganlyk halka sowgat

Aşgabadyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Azerbaýjan Respublikasynyň Ýeňiş Güni we Döwlet baýdagy güni mynasybetli konsert boldy. Azerbaýjanyň Turkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Gismat Gozalow tomaşaçylara ýüzlenip sözlän sözünde, milli baýram bolan Ýeňiş gününiň Azerbaýjanyň özygtyýarlylygyny we milli birligini alamatlandyrýandygyny belledi.

news-photo

13.11.2026

total-veiw

2513

Türkmen mugallymlary Daşkentde geçirilen sebitleýin okuw maslahatyna gatnaşdylar

Türkmen ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde iňlis dili mugallymlaryny taýýarlamak maksatnamasy (PRESETT) boýunça geçirilen sebitleýin okuw maslahatyna gatnaşdylar.

news-photo

13.11.2026

total-veiw

2094

COP31-iň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň halkara we sebit guramalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary

2026-njy ýylyň 12-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatyna (COP31) gatnaşmagynyň çäklerinde, Türkiýe Respublikasynyň Antalýa şäherinde halkara we sebit guramalarynyň ýolbaşçylary bilen birnäçe duşuşyklary geçirdi.

news-photo

13.11.2026

total-veiw

2292

Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň wekilleriniň Sanly hyzmatdaşlyk guramasynyň (DCO) wekilleri bilen onlaýn duşuşygy

2026-njy ýylyň 10-njy noýabrynda Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň wekilleri bilen Sanly hyzmatdaşlyk guramasynyň (DCO) wekilleriniň arasynda onlaýn duşuşyk geçirildi.

news-photo

13.11.2026

total-veiw

4198

«Amul — Hazar» atly ýörişine badalga berildi

Eşretli zamanamyzyň belent ruhuna öwrülen türkmen bedewleri bilen baglanyşykly ýurt we halkara derejesinde geçirilýän çäreler «Asman atlarymyz» bilen bilelikde türkmen döwletiniň abraý-mertebesini hem dünýä jar edýär. 

news-photo

13.11.2026

total-veiw

1870

Beýik Ýüpek ýolunyň behişdi bedewleri Aşgabatda tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky ilçihanasynyň Hytaýyň daşary ýurtlar bilen medeni alyş-çalyş assosiasiýasy bilen bilelikde guramagynda «Müňýyllyklaryň behişdi bedewleri: Hytaý sungatynda atlar» atly serginiň dabaraly açylyşy boldy. Çärä diplomatik wekilhanalaryň wekilleri, medeniýet we sungat işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyp ýaşlar hem-de çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylary gatnaşdylar.

...3454