23.11.2026
862
Ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howa barada maglumat
23 – 29-njy noýabr aralygynda Türkmenistanda ýyly howanyň bolmagyna garaşylýar. Gündizlerine howanyň temperaturasy +25 gradusa ýeter, käbir sebitlerde bolsa has ýokary bolar. Hepdäniň başynda we ikinji ýarymynda az-kem ýagyş ýagmagy mümkin.
23.11.2026
1028
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 37 million 691 müň dollaryndan gowrak boldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 24-si hasaba alyndy.
23.11.2026
756
Lebapdan Ahal welaýatyna çenli: «Amul – Hazar» atly ýörişe gatnaşyjylar Babadaýhan etrabynda dabaraly garşylanyldy
Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli yglan edilen «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda guralan «Amul – Hazar» atly ýörişe gatnaşyjylar Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň ýaşaýjylary tarapyndan uly ruhubelentlik bilen mähirli garşylanyldy. Lebap welaýatyndan 1755 kilometr uzaklykdaky ýola rowana bolan atly topar Mary welaýatynyň çäginden geçip, bereketli Ahal topragyna gelip ýetdi.
23.11.2026
869
Türkmenistan bilim ulgamynda halkara maksatnama gatnaşdy
19-njy noýabrda ABŞ-nyň Tehas ştatynyň San-Antonio şäherinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň halkara hyzmatdaşlyk bölüminiň ýolbaşçysy Gülnabat Gurdowa ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň bilim we medeniýet meseleleri boýunça býurosynyň goldaw bermeginde durmuşa geçirilýän «Bilim edaralaryny dolandyrmakda strategik hyzmatdaşlyk we liderlik» atly halkara maksatnama gatnaşdy.
23.11.2026
504
ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi talyplar üçin teležurnalistika boýunça okuw maslahatyny geçirdi
17 – 20-nji noýabr aralygynda paýtagtymyzda ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi tarapyndan degişli fakultetleriň talyplary üçin teležurnalistika boýunça okuwlar geçirildi.
22.11.2026
1029
Milli bähbitleri we geljegiň ählumumy strategiýasyny nazara alyp
Geçen hepdäniň wakalary deňhukuklylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge, milli ykdysadyýetimiziň depginli ösmegine, halkymyzyň döredijilik kuwwatyny artdyrmaga gönükdirilen döwlet syýasatynyň üstünliklere beslenýändigini aýdyň görkezdi.
22.11.2026
1743
2027-nji ýylda geçiriljek sergileriň, ýarmarkalaryň, maslahatlaryň we festiwallaryň sanawy tassyklanyldy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleri giňden ýaýmak, Türkmenistanyň daşary ýurtlar bilen köpugurly gatnaşyklaryny ösdürmek, häzirki zaman tehnologiýalaryny önümçilige giňden ornaşdyrmak, öňdebaryjy tejribäni alyşmak, ykdysadyýetiň pudaklaryna maýa goýumlary çekmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
22.11.2026
1574
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ermeni toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
Türkmenistan bilen Ermenistan Respublikasynyň arasynda gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary durmuşa geçirmek hem-de iki ýurduň özara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
22.11.2026
1314
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Katar Döwletiniň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
22.11.2026
1349
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň dykgatyna
Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň on üçünji maslahaty 25-nji noýabrda sagat 9:00-da Türkmenistanyň Mejlisiniň binasynda geçirilýär.