Ýurdumyzda bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýaş nesle döwrebap bilim, we terbiýe bermek, şeýle hem ýokary bilimli, hünärine ökde ýaş hünärmenleri taýýarlamak ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Bu ugurda mugallymlaryň hünär ussatlygyny ýokarlandyrmak, ýaşlaryň nazary bilimlerini amaly tejribe bilen utgaşdyrmak aýratyn ähmiýete eýedir.
Ýakynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda «Mugallymçylyk tejribeligi we usulyýeti» atly okuw sapagy geçirildi. Institutyň ýaş mugallymy Näzik Kakabaýewa tarapyndan guralan bu okuw sapagyna ýokary okuw mekdebiniň talyplary we magistrantlary gatnaşdylar.
Okuw sapagynyň dowamynda mugallymçylyk işiniň aýratynlyklary, netijeli bilim bermegiň usullary, okuwçylar bilen özara gatnaşyklaryň ýola goýluşy hem-de mugallymyň hünär başarnyklary barada giňişleýin durlup geçildi. Şeýle hem ussat mugallymyň diňe bir öz bilimini paýlaşmak bilen çäklenmän, eýsem, öwrenijileriň gylyk-häsiýetine, gyzyklanmalaryna we şahsy aýratynlyklaryna düşünmegi, olaryň her biri bilen netijeli aragatnaşyk saklamagy başarmalydygy bellenildi.
Geçirilen okuw sapagy talyplar we magistrantlar üçin örän peýdaly boldy. Olar mugallymçylyk işiniň nazary esaslary bilen bir hatarda, geljekde hünär işinde zerur boljak amaly başarnyklar we usulyýetler barada hem gymmatly maglumatlary aldylar. Şeýle çäreler ýaşlaryň saýlap alan hünärlerine bolan gyzyklanmasyny artdyrmak, olaryň hünär taýýarlygyny kämilleşdirmek babatda möhüm ähmiýete eýedir.
Ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, hünär öwrenmegi we öz ukyp-başarnyklaryny ösdürmegi üçin döredilýän giň mümkinçilikler geljekde ussat hünärmenleriň kemala gelmegine uly itergi berýär.