2026-njy ýylyň 25-nji noýabrynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýgulyýewiň Katar Döwletiniň iş saparynyň çäginde bu ýurduň Baş gümrük gullugynyň başlygy Ahmed bin Abdullah Al Jamal bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşyga iki ýurduň gümrük gulluklarynyň wekilleri gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
Duşuşykda türkmen tarapy Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň öňdengörüji syýasaty esasynda ýurdumyzyň dünýäniň köp sanly döwletleri bilen söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň yzygiderli giňeldilýändigini, daşary söwda dolanyşygynyň ösdürilmegine, eksport-import amallarynyň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna hem-de halkara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen giň gerimli işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi.
Şunuň bilen baglylykda, milli gümrük gullugynyň işiniň halkara standartlaryna laýyklykda döwrebaplaşdyrylýandygy, gümrük gözegçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrmak, sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak we gümrük amallaryny kämilleşdirmek boýunça yzygiderli çäreleriň görülýändigi we giň halkara hyzmatdaşlygyň amala aşyrylýandygyny nygtaldy.
Şeýle hem iki ýurduň gümrük gulluklarynyň arasynda özara tejribe alyşmagy işjeňleşdirmek, öňdebaryjy sanly çözgütleri we halkara tejribäni ornaşdyrmak, gümrük amallaryny ýönekeýleşdirmek hem-de söwda amallarynyň tizligini we netijeliligini ýokarlandyrmak babatda hyzmatdaşlygyň uly mümkinçilikleriniň bardygy bellenilip, gelejekde taraplaryň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirildi.
Ikitaraplaýyn gepleşiklerden soňra Türkmenistanyň Hökümeti bilen Katar Döwletiniň Hökümetiniň arasynda Gümrük ulgamynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek dabarasy geçirildi.
26-njy noýabrynda wekiliýet Hamad adyndaky Halkara howa menziline hem-de Hamad Halkara deňiz portuna aýlanyp ol ýerde alynyp barylýan işler bilen ýerinde tanyşdy.