Ï Öňdebaryjy töleg enjamlary öndürijiler hyzmatdaşlygy ösdürýärler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Öňdebaryjy töleg enjamlary öndürijiler hyzmatdaşlygy ösdürýärler

view-icon 28
Öňdebaryjy töleg enjamlary öndürijiler hyzmatdaşlygy ösdürýärler

Paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda geçirilýän «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2026» atly halkara maslahatynyň we sergisiniň hem-de «Türkmentel – 2026» atly XIX halkara sergisiniň we ylmy maslahatynyň çäginde «Türkmen-Innowasiýa» hususy kärhanasy häzirki zaman töleg we kassa enjamlarynyň täze neslini görkezdi.

Görkezilen enjamlar bank kartlary arkaly galtaşyksyz tölegi, QR kodlar bilen işlemegi, biometrik kesgitlemäni we maliýe maglumatlarynyň hakyky wagt dowamynda çalt geçirilmegini amala aşyrýar.

«Терминальные Технологии» («VENDOTEK») kompaniýalar topary bilen hyzmatdaşlykda töleg enjamlarynyň täze nusgalary görkezildi. Bu kompaniýa söwda awtomatlarynda, öz-özüňe hyzmat ediş nokatlarynda, jemgyýetçilik ulaglarynda we bölek söwda ýerlerinde nagt däl tölegler üçin kompýuterli kassa we töleg enjamlary ýasamakda ýöriteleşýär. Kompaniýa her ýyl 40 müň ulag üçin töleg enjamlary öndürmek bilen, bu pudakda dünýä boýunça öňdeligi elde saklaýar.

«Biz «Türkmen-Innowasiýa» kärhanasy bilen söwda nokatlaryndaky töleg amallary boýunça köpden bäri hyzmatdaşlyk edip gelýäris we häzirki wagtda ulag üçin töleg enjamlary ornaşdyrmak barada pikir alyşýarys. Söwdada çözgütlerimiz eýýäm «Doda» kofe enjamlarynda görkezilýär. Mundan başga-da, bu enjamlar öz-özüňe hyzmat ediş dükançalarynda gurnalyp, tölegi nagt pul, bank karty, smartfon ýa-da akylly sagat arkaly kabul edip biler. Sergide görkezilýän ähli enjamlar programma üpjünçiligini we dil interfeýslerini uýgunlaşdyrmak bilen birlikde, ýerli bazarlarda ýerlemek üçin niýetlenendir» diýip, «Терминальные Технологии» kompaniýalar toparynyň esaslandyryjysy we baş direktory Igor Suhostawskiý belledi.

«Pay by Face», ýagny ýüz keşbi boýunça töleg tehnologiýasy synlamyň myhmanlaryny aýratyn gyzyklandyrdy. Igor Suhostawskiniň sözlerine görä, häzirki döwürde çözgüt pudagyň geljegi uly mümkinçiliklerini görkezýär, sebäbi biometrik tölegleriň doly möçberde işe girizilmegi şahsy maglumatlaryň ýygnalmagyny, saklanylmagyny we goralmagyny, şeýle hem geleşikleriň düzgünlerini rejeleşdirýän degişli kadalaşdyryjy binýadyň deslapky işlenip düzülmegini talap edýär.

Şeýle hem, ol «VENDOTEK» haryt nyşanly töleg enjamlary Russiýada, Belarusda, Özbegistanda, Bolgariýada we, hatda Saud Arabystanynda-da – Haj wagtynda Mekgede üstünlikli ulanylýandygyny nygtady, bu ýerde göçme dükançalar aşa yssy şertlerde işlemäge niýetlenen taplanan aýnaly kirşen we tozan geçirmeýän töleg enjamlar bilen üpjün edilen.

2008-nji ýylda esaslandyrylan «Türkmen-Innowasiýa» hususy kärhanasy bank, döwlet we hususy pudaklar üçin programma üpjünçiligini işläp düzmekde we öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmakda ýöriteleşýär. Kärhana «NBA Technology International», «Verifone», «PAX» we «GRG» ýaly dünýä boýunça öňdebaryjy töleg enjam öndürijileriň resmi hyzmatdaşydyr.

Kompaniýanyň wekili Mihail Kudrýaşowyň belleýşi ýaly, işlän ýyllarynda «Türkmen-Innowasiýa» kompaniýasy ýurduň sanly ykdysadyýeti üçin birnäçe möhüm taslamalary durmuşa geçirdi. Hususan-da, kompaniýa raýatlara aragatnaşyk hyzmatlary, internet, ýaşaýyş hyzmatlary we ýol hereketi düzgünini bozanyň üçin jerimeleri çalt tölemäge mümkinçilik berýän milli çalt töleg ulgamyny ornaşdyrdy. Türkmenistanyň bäş sebitinde hem ýerleşen giň edara ulgamy ýurduň ähli ýerinde enjamlaryň üznüksiz üpjünçiligini we tehniki hyzmatyny üpjün edýär.