Türkmenistanyň «Arkadag» futbol topary 2026/27-nji ýyl möwsüminde AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasynyň 1/8 final tapgyryna çykmagy möhletinden öň üpjün etdi. AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn bäsleşiginiň bäşinji tapgyrynda «Arkadag» topary Bahreýniň «Al-Muharrak» toparyny myhmançylykda 4:2 hasabynda ýeňdi. Duşuşyk Bahreýniň Riffa şäherindäki milli stadionda 2 müň 127 tomaşaçynyň gatnaşmagynda geçirildi.
«Arkadag» toparynyň düzüminde Daýanç Meredow (15-nji we 50-nji minutlar) iki gol geçirdi. Şeýle hem Ahmet Ataýew (6-njy minut) we Mekan Saparow (69-njy minut) hersi bir gol bilen tapawutlandy. Ýer eýeleriniň düzüminde bolsa Elliot Simoeş (10-njy minut) we Artur Rezende (63-nji minut) tapawutlandy.

Duşuşygyň başy ýer eýeleri üçin hakyky şowsuzlyga öwrüldi: eýýäm 3-nji minutda «Al-Muharrak» topary bir oýunçy kem galdy. Braziliýaly futbolçy Bruno Santos öz jerime meýdançasynyň golaýynda Daýanç Meredowyň derwezä tarap öňe geçmegini düzgüni bozmak arkaly saklady. Yrakly FIFA-nyň emini Mohanad Kasym Sarraý bolsa oňa ikirjiňlenmän göni gyzyl karty görkezdi.
San taýdan artykmaçlygyndan türkmen topary dessine peýdalandy. 6-njy minutda «Arkadag» toparynyň kapitany Ahmet Ataýew çep aýagy bilen jerime urgusyndan güýçli urgy geçirdi. Goragçylaryň diwaryna degip ugruny üýtgeden top, derwezeban Wladan Jekiçiň aljyraňňy ýagdaýyndan peýdalanyp, derwezäniň ýokarky burçundan tor bilen sepleşdi.

Irki gyzyl karty we geçirilen gola garamazdan, Bahreýniň çempiony ruhdan düşmedi we dört minutdan soň hasaby deňledi. 10-njy minutda Elliot Simoeş jerime meýdançasynyň golaýynda topy kabul edip, ony özüne amatly ýagdaýda taýýarlady we aýlawly urgy bilen derwezä gönükdirdi. Top owadan ýaý boýunça derwezeban Kakageldi Berdyýewiň ýokarysyndan geçip, derwezä düşdi – 1:1.

Muňa garamazdan, garşydaş toparyň jogap goly myhmanlaryň hüjümçilik ruhuny gowşatmady. Eýýäm 13-nji minutda ýer eýeleriniň serbiýaly derwezebany Wladan Jekiç Ýazgylyç Gurbanowyň takmynan 35 metrden jerime urgusyndan geçiren howply urgusyndan soň topy bökmek arkaly kese germewden geçirmäge mejbur boldy. Ýene iki minut geçenden soň «Arkadag» topary hasapda öňe saýlandy: Arzuwguly Sapargulyýew çep ganat boýunça çalt öňe geçip, merkezi zolaga takyk topy geçirdi. Derwezäniň öňündäki meýdançada Daýanç Meredow bu urgyny ynamly tamamlady – 2:1.
Arakesmä çenli ýer eýeleri hasaby deňlemäge synanyşdylar. 45-nji minutda «Al-Muharrak» toparynyň braziliýaly hüjümçisi Žuninýo çep ganatdan berlen pökgüden soň kelle urgusyny geçirdi. Emma «Arkadag» toparynyň derwezebany ygtybarly hereket edip, topy ele saldy.

Duşuşygyň ikinji ýarymynda 50-nji minutda Daýanç Meredow goragçy Anderson Leýteni aňsatlyk bilen aldap geçip, güýçli aşak urgy bilen topy Jekiçiň derwezesiniň uzak burçuna gönükdirdi. Şeýlelikde, ol duşuşykda ikinji goluny geçirip, toparynyň artykmaçlygyny iki gola ýetirdi.
Bahreýniň topary 63-nji minutda duşuşykdaky bäsdeşligi täzeden ýitileşdirmäge synanyşdy. Elliot Simoeş sag ganatdan jerime urgusyny ýerine ýetirdi, Žuninýo kelle bilen topy derwezäniň ugry boýunça geçirdi, onuň watandaşy Artur Rezende bolsa howadaky topa takyk kelle urgusyny geçirip, ony Kakageldi Berdyýewiň goragyndan derwezä gönükdirdi – 3:2.

69-njy minutda Mekan Saparow ýeňijiniň kimdigine degişli ähli sowallara soňky nokady goýdy. Ol Ahmet Ataýewiň 7 metr aralykdan beren asma topyny ýykylýan ýagdaýda kelle bilen owadan tamamlady – 4:2.
Sport synçylarynyň pikirine görä, duşuşygyň 3-nji minudynda Bruno Santosa görkezilen gyzyl kart oýnuň netijesine täsir eden esasy ýagdaý boldy. Bu ýagdaý «Arkadag» toparyna duşuşygyň başyndan strategik artykmaçlyk berdi. Wladimir Baýramowyň şägirtleri san taýdan artykmaçlykdan ýerlikli peýdalanyp, bäş tapgyrdan soň 10 utuk topladylar we Bahreýniň toparyndan 7 utuk öňe saýlanyp, utulan-çykdy tapgyryna çykmagy möhletinden öň üpjün etdiler. Toparlaryň Türkmenistanda geçirilen birinji aýlawdaky duşuşygynda hem «Arkadag» topary «Al-Muharrak» toparyny 1:0 hasabynda ýeňipdi. Şonda ýeke-täk ýeňiş goluny 52-nji minutda hut Mekan Saparow geçiripdi.

«Arkadag» topary üçin Aziýanyň toparlarynyň arasynda ähmiýeti boýunça ikinji ýerde durýan bu ýaryşyň utulan-çykdy tapgyryna çykmak yzly-yzyna ikinji gezek başartdy. AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasynyň geçen möwsüminde türkmen topary Kataryň «Al-Ahli», Özbegistanyň «Andijon» we Bahreýniň «Al-Haldia» toparlary bilen bir toparçada çykyş edip, toparçalaýyn tapgyry üstünlikli geçdi. Ondan soň 1/8 finalda Saud Arabystanynyň ýyldyzly «Al-Nassr» toparyndan iki duşuşykda-da 0:1 hasabynda asgyn geldi.
«B» toparçasyndan utulan-çykdy tapgyryna çykmagy üpjün eden ikinji topar Birleşen Arap Emirlikleriniň «Al-Jazira» topary boldy. 5-nji tapgyryň şol bir wagtda geçirilen beýleki duşuşygynda BAE-niň wekili Eýranyň «Gol Gohar» toparyny myhmançylykda 1:0 hasabynda ýeňdi. Ýeke-täk goly 40-njy minutda Taliskа geçirdi.

Şeýlelikde, soňky tapgyryň öňüsyrasynda toparçanyň ýaryş tertibinde «Al-Jazira» 13 utuk bilen öňdelik edýär. Ondan soň 10 utuk bilen «Arkadag» topary ýerleşýär. «Al-Muharrak» toparynyň hasabynda 3 utuk, «Gol Gohar» toparynyň hasabynda bolsa 2 utuk bar.
Toparçalaýyn tapgyryň jemleýji duşuşyklary 9-njy dekabrda geçiriler. «Arkadag» topary öz meýdançasynda toparçada birinji orny eýelemek ugrundaky göreşde «Al-Jazira» toparyny kabul eder. «Gol Gohar» bolsa «Al-Muharrak» bilen duşuşar.

AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasynyň 1/8 final duşuşyklary 2027-nji ýylyň 9 – 18-nji fewraly aralygynda geçiriler. Çärýek final duşuşyklary 2 – 18-nji martda, ýarym final duşuşyklary 6 – 14-nji aprelde bolar. Ýaryşyň aýgytlaýjy final duşuşygy bolsa 2027-nji ýylyň 15-nji maýynda geçiriler. Ýaryşyň ýeňijisi indiki möwsümde AFK-nyň saýlama tapgyryna göni gatnaşmaga hukuk gazanar.