Ï Watanymyzyň rowaçlygynyň we ählumumy parahatçylygyň bähbidine strategik hyzmatdaşlyk
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Watanymyzyň rowaçlygynyň we ählumumy parahatçylygyň bähbidine strategik hyzmatdaşlyk

view-icon 44
Watanymyzyň rowaçlygynyň we ählumumy parahatçylygyň bähbidine strategik hyzmatdaşlyk

Geçen hepdäniň wakalarynda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän, Watanymyzyň halkara abraýynyň has-da artdyrylmagyna, halkymyzyň durmuş derejesiniň mundan beýläk-de ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen döwlet syýasatynyň esasy ugurlary öz beýanyny tapdy.

Ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny ösdürmegiň meseleleri hem-de welaýatlarda alnyp barylýan işler döwlet Baştutanymyzyň 23-nji noýabrda geçiren iş maslahatynda ara alnyp maslahatlaşyldy. Onda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ileri tutulýan ugurlaryna, hususan-da, pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak, bugdaý ekilen meýdanlara agrotehniki kadalara laýyklykda ideg etmek, geljek ýylyň pagta hasyly üçin ýerleri taýýarlamak boýunça işlere esasy üns berildi. Şunuň bilen birlikde, Daşoguz welaýatynda şalynyň, Mary welaýatynda gant şugundyrynyň hasylyny doly möçberde ýygnap almak üçin ähli zerur çäreleri görmegiň möhümdigi nygtaldy. Bugdaý, pagta öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda şu ýylyň hasyly üçin ýerine ýetirilen işler boýunça hasaplaşyklary wagtynda geçirmek, sebitlerde açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň alnyp barlyşyny berk gözegçilikde saklamak babatda tabşyryklar berildi.

23-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz ýurdumyza sapar bilen gelen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Kristofer Landawy kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda myhman ABŞ-nyň Türkmenistan bilen deňhukuklylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda ýola goýlan döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändigini tassyklady hem-de pursatdan peýdalanyp, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Kristofer Landau döwlet Baştutanymyzyň “С5+1” formatyndaky sammite gatnaşmak üçin geçen ýylyň noýabrynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Waşington şäherine amala aşyran saparyna, şu ýylyň fewralynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Florida ştatyna amala aşyran iş saparyna ünsi çekip, gepleşikleriň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň häzirki wagtda oňyn netijelerini berýändigini nygtady. Şunuň bilen birlikde, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň netijeli ösüş depgini, özara haryt dolanyşygyny artdyrmak, maýa goýum gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygy aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, “ýaşyl” energetika, sanly ykdysadyýet, innowasiýalar, emeli aň ýaly ugurlarda özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmäge, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge, ýokary okuw mekdepleri, ylmy-barlag edaralary bilen gatnaşyklary berkitmäge taýýardygyny tassyklady.

Hormatly Prezidentimiziň 27-nji noýabrda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň gün tertibine döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri girizildi. Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz “Türkmenistanyň 2027-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna gol çekdi. Ýurdumyzyň geljek ýyl üçin esasy maliýe resminamasynyň, «Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda» Türkmenistanyň Mejlisiniň kararynyň 25-nji noýabrda geçirilen milli parlamentiň on üçünji maslahatynda deputatlar tarapyndan biragyzdan kabul edilendigini bellemek gerek.

Mejlisde garalan beýleki meseleleriň hatarynda tebigy gazy we nebiti çykarmak boýunça alnyp barylýan işleriň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak, dokma senagaty kärhanalarynyň önümçilik kuwwatlyklaryny döwrebaplaşdyrmak, oba hojalyk pudagyndaky işleriň ýagdaýy we möwsümleýin işleriň barşy, raýat awiasiýasy pudagy üçin halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak bar. Mejlisde döwlet Baştutanymyz nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek maksady bilen taýýarlanylan Kararlara gol çekdi we Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda täze tikin fabrigini gurmak baradaky teklibi makullap, birnäçe tabşyryklary berdi.

Şu ýylyň dekabr aýynda Halkara Bitaraplyk güni, Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 31 ýyllygy mynasybetli dabaralary geçirmäge taýýarlyk görmek, döredijilik we hünär bäsleşikleriniň jemlerini jemlemek, medeni-durmuş maksatly desgalaryň açylyş dabaralaryny guramak, 31-nji dekabrda Täze ýyl teleköprüsini guramak meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň döredilen güni mynasybetli “Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdar Prezidentimiziň döwletlilik ýörelgesi — agzybirligiň, jebisligiň we milli demokratiýanyň dabaralanmagy” atly dabaraly maslahaty geçirmek meýilleşdirilýär. Forumyň çäklerinde «Göreldeli wagyzçy» bäsleşiginiň ýeňijilerine döwlet Baştutanymyzyň adyndan gymmat bahaly sowgatlary gowşurmak göz öňünde tutulýar.

Mejlisde döwlet Baştutanymyz Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmek boýunça taýýarlanan teklipleri makullap, bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy. Häzirki wagtda bu hyzmatdaşlyk syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, durmuş ugurlaryny öz içine alýar.

Geçen hepdäniň beýleki wakalarynyň hatarynda Daşary işler ministrliginde geçirilen brifing bar. Onuň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow 2027-2028-nji ýyllarda Halkara hukuk ýylyna taýýarlyk görmek we ony geçirmek boýunça Türkmenistanyň Hereketleriniň milli meýilnamasyny tanyşdyrdy, şeýle hem şu ýylyň 16-njy noýabrynda ýurdumyzyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen «Birleşen Milletler Guramasynyň we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly Kararnamanyň ähmiýeti barada maglumat berdi. Brifingde BMG bilen GDA-nyň arasyndaky hyzmatdaşlyk meselelerine, hususan-da, Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk edýän hem-de Arkalaşygyň döredilmeginiň 35 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda degişli Kararnamanyň kabul edilmeginiň iki guramanyň arasyndaky özara gatnaşyklary iş ýüzünde giňeltmek üçin goşmaça mümkinçilikleri döredýändigi bellenildi.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2026» atly halkara maslahat we sergi hem-de «Türkmentel — 2026» atly XIX halkara sergi we ylmy maslahat diňe bir ulag-kommunikasiýa pudagynyň gazananlaryny we kuwwatyny görkezmek bilen çäklenmän, eýsem, hyzmatdaşlaryň arasynda gepleşikleri alyp barmak, täze işläp taýýarlamalary ornaşdyrmak boýunça tejribe alyşmak üçin netijeli meýdança öwrüldi. Bilelikde geçirilmegi däbe öwrülen halkara forumlara dünýäniň iri kompaniýalarynyň, halkara guramalaryň 300-den gowragyndan 600-e golaý wekil gatnaşdy.

Türkmenistandan, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan, Azerbaýjandan, Belarusdan, Beýik Britaniýadan, Gazagystandan, Germaniýadan, Finlýandiýadan, Fransiýadan, Russiýadan, Hytaýdan, Türkiýeden, Owganystandan jemi 80-den gowrak kompaniýa hem-de döwlet ulag-aragatnaşyk düzümleri diwarlyklaryny ýaýbaňlandyrdylar. Olaryň köpüsi ýurdumyzda sanly ulgamy ösdürmek, sebitiň möhüm ulag-logistika merkezi hökmünde Türkmenistanyň ornuny has-da pugtalandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän iri taslamalara işjeň gatnaşyjylardyr. Ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we daşary ýurtly işewürleriň özara duşuşyklarynyň dowamynda ulag düzümlerini, maglumat tehnologiýalary ulgamlaryny ösdürmegiň geljegi uly ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyklaryň tamamlanmagy bilen, hyzmatdaşlyk resminamalaryna gol çekmek dabarasy geçirildi.

Halkara forumyň çäklerinde «Sanly çözgüt — 2026» atly innowasion taslamalaryň bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.

Nebitgaz toplumynyň binasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ermeni toparynyň 11-nji mejlisi geçirildi. Onuň gün tertibine ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumy we ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek boýunça alnyp barlan işleriň netijelerini ara alyp maslahatlaşmak girizildi. Mejlisiň jemleri boýunça degişli Teswirnama gol çekildi.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda himiýa dersi boýunça V halkara olimpiada we «Himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny durnukly ösdürmekde öňdebaryjy tejribeleriň ähmiýeti» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Olimpiada daşary ýurtlaryň 7-siniň — Russiýa Federasiýasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Belarus Respublikasynyň, Rumyniýanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň ýokary okuw mekdepleriniň 25-sinden 100-den gowrak hem-de ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 24-sinden 160-a golaý talyp gatnaşdy. Olimpiada halkara ülňülere laýyklykda, şahsy we toparlaýyn görnüşde, A hem-de B derejede geçirildi.

Utgaşykly görnüşde guralan «Himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny durnukly ösdürmekde öňdebaryjy tejribeleriň ähmiýeti» atly halkara ylmy-amaly maslahata daşary ýurtlaryň 13-siniň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň, ylmy-barlag edaralarynyň alymlarynyň, ylmy işgärleriniň, aspirantlarynyň, magistrleriniň 90-a golaýy, Türkmenistanyň ugurdaş edaralaryndan 130 töweregi wekil gatnaşdy.

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde “Ylym-bilim ulgamynda sanly tehnologiýalar, emeli aň we kiberhowpsuzlyk: ylmy-tehnologik ösüşiň häzirki zaman ugurlary” atly utgaşykly görnüşdäki halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahata gatnaşan daşary ýurtlaryň wekilleriniň çykyşlarynda bilim ulgamynda, täze tehnologiýalary oýlap tapmak işinde ýurdumyzyň bilim edaralary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge bolan taýýarlyk beýan edildi.

Türkmen döwlet medeniýet institutynda “Taryhy-medeni ýadygärlikleri öwrenmekde we gorap saklamakda toplanan tejribe” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Onda çykyş edenler Türkmenistanyň dünýäde baý taryhy we medeni mirasy bolan künjekleriň biri hasaplanýandygyny, soňky ýyllarda geçirilen arheologik gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde toplanan ylmy maglumatlaryň Watanymyzy iň gadymy adamzat siwilizasiýalarynyň biri hökmünde ykrar etmäge esas berýändigini bellediler.

Paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda “GDA agza döwletleriň ulag baglanyşygyny berkitmekde zähmeti guramagy we kadalaşdyrmagy ösdürmegiň mümkinçilikleri” atly halkara maslahat geçirildi. Maslahata Azerbaýjanyň, Belarusuň, Ermenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Russiýanyň zähmeti kadalaşdyrýan we iş üpjünçilik, ulag edaralarynyň, Arkalaşygyň Ýerine ýetiriji komitetiniň, beýleki degişli düzümleriniň, ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň hem-de edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar. Foruma gatnaşyjylar zähmet kadalaryny kämilleşdirmek, ulag pudagyny sanlylaşdyrmak, zähmeti goramak, esasy halkara logistika geçelgelerini ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde Türkmenistanyň täze ekologiýa hem-de howa başlangyçlaryna bagyşlanan halkara maslahat geçirildi. Maslahat hormatly Prezidentimiziň oktýabr aýynda Ermenistan Respublikasynda geçirilen BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitinde hem-de Gahryman Arkadagymyzyň Türkiýe Respublikasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) çäginde geçirilen Liderler sammitinde biodürlülik we howanyň üýtgemegi bilen bagly öňe süren başlangyçlarynyň ähmiýetini açyp görkezmäge, olary halkara hyzmatdaşlar bilen bilelikde durmuşa geçirmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlandy. Foruma gatnaşyjylar ekologiýa abadançylygy ugrunda özara bähbitli dialogy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen ugurlaryň wajypdygyny bellediler.

Türkmenistanyň Mejlisinde “Bagtyýar halkymyzyň agzybirligi we jebisligi biziň güýçli döwletimiziň sarsmaz sütünidir” atly maslahat geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň öňe süren başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen 2028-nji ýylyň “Halkara hukuk ýyly” diýlip yglan edilmegi, Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek, Milli Liderimiziň GDA gatnaşyjy döwletleriň parlament ýolbaşçylarynyň öňünde eden çuň mazmunly çykyşynyň ähmiýetini açyp görkezmek maksady bilen geçirilen maslahatda ýurdumyzyň halkara ynsanperwer gatnaşyklarda eýeleýän ornuna aýratyn üns berildi. Milli we halkara düzümler bilen hyzmatdaşlyk arkaly döwletiň içeri hem-de daşary syýasatyny wagyz etmek boýunça deputatlaryň alyp barýan işlerine aýratyn üns berildi.

Döwrüň talaplary nazara alnyp, ýurdumyzyň hukuk binýadyny mundan beýläk-de berkitmegiň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň on dördünji maslahaty geçirildi. Deputatlaryň garamagyna hödürlenen, döwletimiziň kanunçylyk-hukuk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmäge, dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmäge, däp bolan hyzmatdaşlygy täze mazmun bilen baýlaşdyrmaga gönükdirilen kanunçylyk namalarynyň taslamalary biragyzdan makullanyldy we kabul edildi.

Şeýlelikde, geçen hepde döwletimiziň hormatly Prezidentimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän, sebit we ählumumy derejede abadançylygyň, ösüşiň maksatlaryna laýyk gelýän ykdysady strategiýasynyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň nobatdaky aýdyň beýany boldy.