mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK
Arhiw
news-photo

24.11.2026

total-veiw

1069

Parižde Fransiýanyň kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşyklar geçirildi

2026-njy ýylyň 23-nji noýabrynda «Euronext Paris» kompaniýasynyň baş edarasynda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (DHÇMB) başlygy Batyr Wolsahatowyň «Euronext» kompaniýasynyň döwlet syýasaty boýunça direktory, Ýerine ýetiriji komitetiniň agzasy Ýakob Mihalik we haryt bazarlary boýunça ýolbaşçysy Robin Mezonýow bilen duşuşygy geçirildi.

news-photo

24.11.2026

total-veiw

928

Daşkent şäherinde türkmen suratkeşleriniň eserleriniň sergisiniň dabaraly açylyşy geçirildi

2026-njy ýylyň 23-nji noýabrynda Daşkent şäherindäki Özbegistanyň Çeperçilik akademiýasynyň Ikuo Hiraýama adyndaky Halkara medeniýet kerwensaraýynda Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň, Özbegistanyň Çeperçilik akademiýasynyň we Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň bilelikde guramagynda «Dostluk köprüsi» atly türkmen suratkeşleriniň eserleriniň sergisi geçirildi.

news-photo

24.11.2026

total-veiw

927

Daşoguz welaýatynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli çäreler geçirilýär

Daşoguz welaýatynda Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyna bagyşlanan baýramçylyk, medeni we jemgyýetçilik-syýasy çäreler geçirilýär. Olara jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, hormatly ýaşulular we ýaşlar, medeniýet işgärleri hem-de welaýatyň ilaty gatnaşýar.

news-photo

24.11.2026

total-veiw

958

Türkmenistanyň parlament diplomatiýasynyň ösüşleri hakynda pikir alşyldy

Düýn paýtagtymyzdaky Türkmenbaşynyň Erkin döredijilik mekanynyň mejlisler jaýynda Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň guramagynda «Türkmenistanyň parlament diplomatiýasy — ösüşiň we abadançylygyň bähbidine» atly maslahat geçirildi. Oňa ýurdumyzyň metbugat neşirleriniň baş redaktorlary, gullugyň işgärleri, ýazyjy-şahyrlar we talyp ýaşlar gatnaşdylar.

news-photo

24.11.2026

total-veiw

817

Ýaş türkmen tennisçisi Rafael Nadalyň akademiýasynda geçirilen ýaryşda kümüş medal gazandy

9 ýaşly türkmen tennisçisi Alihan Nurýagdyýew 16 – 22-nji noýabr aralygynda Ispaniýanyň Manakor şäherinde (Malýorka adasy) dünýäniň öňki birinji raketkasy Rafael Nadalyň adyny göterýän akademiýanyň meýdançalarynda geçirilen abraýly halkara «TEN-PRO Global Junior Tour» ýaryşynda kümüş medal gazandy.

news-photo

24.11.2026

total-veiw

1491

«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2026» atly halkara maslahata we sergä hem-de «Türkmentel — 2026» atly XIX halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylara

Sizi ýurdumyzda sanly özgertmeleriň depginini ýokarlandyrmakda, öňdebaryjy tehnologiýalary, innowasion çözgütleri ornaşdyrmakda, ulag-aragatnaşyk ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolan «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2026» atly halkara maslahatyň we serginiň hem-de «Türkmentel — 2026» atly XIX halkara serginiň we ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

news-photo

23.11.2026

total-veiw

1407

Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň sebitlerinde we oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

news-photo

23.11.2026

total-veiw

1060

Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasaryny kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Kristofer Landawy kabul etdi.

news-photo

23.11.2026

total-veiw

1343

Türkmenistanyň DIM-inde ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 23-nji noýabrynda Türkmenistanyň DIM-inde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Kristofer Landau bilen duşuşygy geçirildi.

news-photo

23.11.2026

total-veiw

1257

Moskwa şäherinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

2026-njy ýylyň 23-nji noýabrynda Moskwa şäherinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nokerguly Atagulyýewiň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Marat Husnulliniň bilelikde başlyklyk etmeginde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň 14-nji mejlisi geçirildi.

...3495