23.11.2026
1551
Aşgabatda «Türkmentel – 2026» halkara sergisi we ylmy maslahat geçiriler
Şu ýylyň 24 – 26-njy noýabry aralygynda Aşgabat şäherinde «Türkmentel – 2026» atly halkara sergi we ylmy maslahat geçiriler.
23.11.2026
1573
Tokioda Gahryman Arkadagymyzyň türkmen çaý medeniýetiniň baý mirasyna bagyşlanan ýapon diline terjime edilen eserleri ýokary baýraga mynasyp boldy
2026-njy ýylyň 21-nji noýabrynda Tokio şäherinde Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň we beýleki halkara guramalaryň goldaw bermeginde daşary ýurtlaryň Ilçihanalarynyň wekilleriniň arasynda ýapon dilinde çykyş etmek boýunça 29-njy bäsleşik geçirildi.
23.11.2026
1250
Fizika boýunça VI Açyk halkara olimpiada geçiriler
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek fizika boýunça VI Açyk halkara internet-olimpiadasyna gatnaşmaga çagyrýar.
23.11.2026
879
Ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howa barada maglumat
23 – 29-njy noýabr aralygynda Türkmenistanda ýyly howanyň bolmagyna garaşylýar. Gündizlerine howanyň temperaturasy +25 gradusa ýeter, käbir sebitlerde bolsa has ýokary bolar. Hepdäniň başynda we ikinji ýarymynda az-kem ýagyş ýagmagy mümkin.
23.11.2026
1055
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 37 million 691 müň dollaryndan gowrak boldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 24-si hasaba alyndy.
23.11.2026
774
Lebapdan Ahal welaýatyna çenli: «Amul – Hazar» atly ýörişe gatnaşyjylar Babadaýhan etrabynda dabaraly garşylanyldy
Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli yglan edilen «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda guralan «Amul – Hazar» atly ýörişe gatnaşyjylar Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň ýaşaýjylary tarapyndan uly ruhubelentlik bilen mähirli garşylanyldy. Lebap welaýatyndan 1755 kilometr uzaklykdaky ýola rowana bolan atly topar Mary welaýatynyň çäginden geçip, bereketli Ahal topragyna gelip ýetdi.
23.11.2026
893
Türkmenistan bilim ulgamynda halkara maksatnama gatnaşdy
19-njy noýabrda ABŞ-nyň Tehas ştatynyň San-Antonio şäherinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň halkara hyzmatdaşlyk bölüminiň ýolbaşçysy Gülnabat Gurdowa ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň bilim we medeniýet meseleleri boýunça býurosynyň goldaw bermeginde durmuşa geçirilýän «Bilim edaralaryny dolandyrmakda strategik hyzmatdaşlyk we liderlik» atly halkara maksatnama gatnaşdy.
23.11.2026
529
ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi talyplar üçin teležurnalistika boýunça okuw maslahatyny geçirdi
17 – 20-nji noýabr aralygynda paýtagtymyzda ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi tarapyndan degişli fakultetleriň talyplary üçin teležurnalistika boýunça okuwlar geçirildi.
22.11.2026
1056
Milli bähbitleri we geljegiň ählumumy strategiýasyny nazara alyp
Geçen hepdäniň wakalary deňhukuklylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge, milli ykdysadyýetimiziň depginli ösmegine, halkymyzyň döredijilik kuwwatyny artdyrmaga gönükdirilen döwlet syýasatynyň üstünliklere beslenýändigini aýdyň görkezdi.
22.11.2026
1782
2027-nji ýylda geçiriljek sergileriň, ýarmarkalaryň, maslahatlaryň we festiwallaryň sanawy tassyklanyldy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleri giňden ýaýmak, Türkmenistanyň daşary ýurtlar bilen köpugurly gatnaşyklaryny ösdürmek, häzirki zaman tehnologiýalaryny önümçilige giňden ornaşdyrmak, öňdebaryjy tejribäni alyşmak, ykdysadyýetiň pudaklaryna maýa goýumlary çekmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.