Hyzmatdaşlyk
18.01.2023
6326
Aşgabatda türkmen-fransuz syýasy maslahatlary geçirildi
2023-nji ýylyň 16-17-nji ýanwarynda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Fransiýa Respublikasynyň Ýewropa we Daşary işler ministrliginiň arasyndaky syýasy geňeşmeleriň nobatdaky tapgyry geçirildi.
17.01.2023
6980
Türkmenistanyň we BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
2023-nji ýylyň 16-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň (UNEP) Ýerine ýetiriji direktory Inger Andersen bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
10.01.2023
8048
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Eýranyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşdy
2023-nji ýylyň 9-njy ýanwarynda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Eýranyň Daşary işler ministriniň ykdysady diplomatiýa boýunça orunbasary Mahdi Safari bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
10.01.2023
6455
«Dialog – parahatçylygyň kepili» atly halkara maslahatynyň Jemleýji resminamasy BMG-niň BA-nyň 77-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde kabul edildi
Aşgabat halkara hepdeliginiň çäginde 2022-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Aşgabatda geçirilen «Dialog – parahatçylygyň kepili» atly halkara maslahatynyň Jemleýji resminamasy «Parahatçylyk medeniýeti» gün tertibiniň 14-nji bendine laýyklykda BMG Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde BMG-nyň alty resmi dilinde neşir edildi (A/77/651).
09.01.2023
7966
Gaz hyzmatdaşlygy Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky giňişleýin strategik hyzmatdaşlygyň iň möhüm ugrudyr
Türkmenistan bilen Hytaý strategik milli bähbitleriň biri-biriniň üstüni ýetirmeklige esaslanýan gaz pudagynda özara peýdaly hyzmatdaşlygyň nusgasyny görkezýärler.
07.01.2023
5851
Türkmenistan metbugat pudagynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýär
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň (HHR) Başlygy Si Szinpiniň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça Pekinde gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalar toplumynda maglumat pudagynda özara hyzmatdaşlyk barada birbada üç resminama bar.
06.01.2023
5711
Türkmenistanyň Prezidenti bilen HHR-iň Başlygynyň arasyndaky gepleşikleriniň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi
Pekinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasyndaky gepleşikleriniň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi.
06.01.2023
5630
Türkmenistan we HHR gaz boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek barada ylalaşdylar
Türkmenistan we HHR gaz boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek barada ylalaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda geçirilen gepleşikleriň jemleri boýunça ikitaraplaýyn gol çekilen Bilelikdäki beýannamada aýdylýar.
06.01.2023
7444
Hytaý häzirki zaman ulag-logistika ulgamyny döretmekde Türkmenistana ýardam bermäge taýýardygyny beýan etdi
Hytaýyň ulag üpjünçilik ulgamlarynyň gurluşygyny çaltlandyrmakda we häzirki zaman ulag-logistika ulgamyny döretmekde Türkmenistana ýardam bermäge taýýardygy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda geçirilen gepleşikleriň jemleri boýunça ikitaraplaýyn gol çekilen Bilelikdäki Beýannamada aýdylýar.
06.01.2023
5021
Türkmenistan bir Hytaý ýörelgesine eýerýär
Türkmenistan bir Hytaý ýörelgesine eýerýär diýlip, Pekinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda geçirilen gepleşikleriň jemleri boýunça ikitaraplaýyn gol çekilen Bilelikdäki beýannamada aýdylýar.