Ï «Ojar Aziýa» Kabuldaky «AFG REBUILD EXPO 2026» sergisinde işewürlik gatnaşyklaryny berkidýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Ojar Aziýa» Kabuldaky «AFG REBUILD EXPO 2026» sergisinde işewürlik gatnaşyklaryny berkidýär

view-icon 29
«Ojar Aziýa» Kabuldaky «AFG REBUILD EXPO 2026» sergisinde işewürlik gatnaşyklaryny berkidýär

«Ojar Aziýa» kompaniýalar topary Owganystanyň gurluşyk pudagyna we dikeldiş işlerine bagyşlanan «AFG REBUILD EXPO 2026» IV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşýar. Çäre Owganystanyň Kabul şäherinde geçirilýär.

«Ojar Aziýa» bu halkara sergisine gatnaşýan Türkmenistanyň we tutuş Merkezi Aziýanyň gurluşyk pudagyna degişli ýeke-täk kompaniýalar topary bolup durýar. Kompaniýanyň bu çärä gatnaşmagynyň esasy maksady türkmen hususy pudagynyň mümkinçiliklerini giňden tanyşdyrmak, halkara işewürlik gatnaşyklaryny giňeltmek we owgan hyzmatdaşlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybaratdyr.

Kompaniýalar toparynyň sergi diwarlygynda onuň esasy iş ugurlary, infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmekde toplan tejribesi hem-de düzümindäki kärhanalaryň mümkinçilikleri görkezilýär. Hususan-da, sergä gelýänler toparyň awtomobil ýollaryny we infrastruktura desgalaryny gurmak, ulag-logistika hyzmatlary, gurluşyk we ýöriteleşdirilen tehnikalary, täjirçilik ulaglaryny hem-de enjamlary üpjün etmek ýaly ugurlardaky işleri bilen tanşyp bilýärler. Şeýle hem konsalting, syýahatçylyk we hukuk hyzmatlary boýunça mümkinçilikler görkezilýär.

Işewürlik maksatnamasynyň çäklerinde «Ojar Aziýa» kompaniýalar toparynyň wekilleri işewür toparlaryň, öňdebaryjy gurluşyk kompaniýalarynyň wekilleri we geljekki hyzmatdaşlar bilen duşuşyklary geçirýärler. Duşuşyklarda B2B görnüşindäki gepleşiklere aýratyn üns berilýär. Olaryň dowamynda infrastruktura we gurluşyk taslamalaryna gatnaşmak, tehnika we enjamlary üpjün etmek, şeýle hem bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmek bilen bagly mümkinçilikler ara alnyp maslahatlaşylýar.

Gepleşikleriň netijesinde Owganystanyň öňdebaryjy gurluşyk kompaniýalary bilen özara düşünişmek we hyzmatdaşlyk etmek hakynda birnäçe Ähtnama gol çekildi. Gazanylan ylalaşyklar hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek, tejribe alyşmak we bilelikdäki taslamalary işläp taýýarlamak üçin esas döredýär.

«Ojar Aziýa» kompaniýalar toparynyň sergä gatnaşmagy türkmen tarapynyň doganlyk Owganystan bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge bolan gyzyklanmasyny görkezýär. Bitarap Türkmenistan owgan halkynyň parahatçylykly ösüşe we durmuş-ykdysady abadançylyga bolan ymtylyşlaryny yzygiderli goldap, iki ýurduň arasyndaky däp bolan hoşniýetli goňşuçylyk we dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýär. Şu nukdaýnazardan, gurluşyk, ulag we logistika ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk sebit infrastrukturasyny ösdürmek, ulag arabaglanyşygyny berkitmek we telekeçilik üçin täze mümkinçilikleri döretmek babatda möhüm ähmiýete eýedir.