Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilýän «Türkmentel — 2026» atly XIX halkara serginiň we ylmy maslahatyň çäklerinde «Sanly çözgüt — 2026» innowasion taslamalar bäsleşiginiň ýeňijilerini yglan etmek hem-de olary sylaglamak dabarasy boldy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna sanly ulgamy, ylmy-tehniki gazanylanlary giňden ornaşdyrmak boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Şunda maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryna aýratyn orun degişlidir. Çünki häzirki wagtda aragatnaşyk ulgamy diňe bir maglumat alyş-çalşygynyň serişdesi bolman, eýsem, ykdysady ösüşiň, halkara hyzmatdaşlygyň, jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm hereketlendiriji güýjüne öwrüldi. Bu işlere bilimli, hünärine ussat, başarnykly ýaşlary çekmek boýunça maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiziň sanly ulgamy ösdürmek baradaky tabşyryklaryndan ugur alnyp, ýurdumyzda programma üpjünçiligini işläp düzmek we innowasion taslamalary döretmek bilen meşgullanýan ýaşlary ýüze çykarmak hem-de höweslendirmek maksady bilen, 2020-nji ýylda “Sanly çözgüt” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigine badalga berlip, onuň yzygiderli geçirilmegi asylly däbe öwrüldi. Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi tarapyndan her ýyl geçirilýän bäsleşige mekdep okuwçylary, talyplar, dürli pudaklarda zähmet çekýän hünärmenler öz taslamalary bilen gatnaşýarlar. Döwlet Baştutanymyzyň ýaşlary geljegi uly ugurlardaky ylmy gözleglere giňden çekmek meselesine yzygiderli üns bermegi esasynda bu abraýly bäsleşige gatnaşýanlaryň sany ýyl-ýyldan artýar. Ýaş alymlaryň, inženerleriň, tehnologlaryň, hünärmenleriň işläp taýýarlaýan senagat-innowasion hem-de maglumat-tehnologik taslamalary Watanymyzyň durmuş-ykdysady ösüşine degişli wezipeleriň çözülmegine ýardam berýär.
«Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyndan» gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek, programma üpjünçiligini işläp düzýän we innowasion taslamalar, startaplar bilen meşgullanýan ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen geçirilýän bäsleşik «Sanly lukmançylyk», «Emeli aň», «Robotehnika we awtomatizasiýa», «Akylly» oba hojalyk tehnologiýalary, «Akylly» şäher», «Bilim we elektron okuw», «Hyzmatlar ulgamy» ýaly ugurlar boýunça geçirilip, oňa jemi 450-ä golaý taslama hödürlenildi. Taslamalara ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş we ylmy-barlag edaralarynyň wekillerinden ybarat bolan eminler toparynyň agzalary tarapyndan baha berildi.
Şunlukda, bäsleşikde «Sanly lukmançylyk» ugry boýunça Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň wekili Guwanç Şahanow ýeňiji boldy. Ol bäsleşige «ŞYPA» atly döş kapasasyny emeli aň esasynda seljerýän programma üpjünçiligi bilen gatnaşdy. «Emeli aň» ugry boýunça birinji orna «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasyndan Maksat Çaryýewiň we Annageldi Hydyrowyň bilelikde taýýarlan aragatnaşyk emeli aň kömekçi platformasy mynasyp boldy. Bu platforma ulanyjylara emeli aň arkaly türkmen dilinde gepleşik alyp barmaga mümkinçilik berýär.
Bäsleşikde Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetine wekilçilik eden Dünýä Gurbanmyradowanyň hem-de Derýa Karataýewiň işläp taýýarlan kabel geçirijilerinde näsazlyk ýerini kesgitleýän “akylly” enjamy «Robototehnika we awtomatizasiýa» ugry boýunça ýeňiji diýlip yglan edildi. «Akylly» oba hojalyk tehnologiýalary» ugry boýunça Aşgabat şäherindäki 2-nji orta mekdebiň okuwçysy Leýli Abaýewanyň, şol mekdebiň mugallymy Merjen Akynyýazowanyň «Damjalaýyn suwaryş usulyny ulanyp, oba hojalyk ekinleri suwarmagyň “akylly” tehnologiýalaryny ornaşdyrmak» atly taslamasy birinji orna mynasyp boldy. «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň wekilleri Rejepmuhammet Begnyýazow we Maksat Çaryýew tarapyndan hödürlenen, şäherdäki zeperleri hem-de näsazlyklary degişli bölümlere habar bermäge mümkinçilik berýän «Şäherim» atly programma «Akylly» şäher» ugry boýunça ýeňiji hökmünde saýlanyp alyndy.
«Bilim we elektron okuw» ugry boýunça «E-bakja» web sahypasy we mobil goşundysy birinji orna mynasyp boldy. Çagalar bagyny sanly ulgama geçirmek, ene-atalaryň, bilim işgärleriniň işini ýeňilleşdirmek üçin niýetlenen bu sanly media platformasy Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň wekilleri Şatlyk ȘŞöhradow, Fahrutdin Ereşow, Aýgül Bäşimowa dagy tarapyndan hödürlenildi. «Hyzmatlar ulgamy» ugry boýunça hususy telekeçi Pena Suhanberdiýew tarapyndan işlenip düzülen «Hanym» atly mobil goşundysy ýeňiji diýlip yglan edildi. Bu taslama zenanlar üçin niýetlenen harytlaryň ählisini bir ýerde jemleýän onlaýn platformadyr. Şunuň bilen bir hatarda, degişli ugurlar boýunça 14 taslama ikinji, 22 taslama üçünji orna mynasyp boldy. Bäsleşigiň ýeňijilerine gymmat bahaly sowgatlar hem-de diplomlar gowşuryldy.
«Sanly çözgüt — 2026» innowasion taslamalar bäsleşiginiň ýeňijileri ýaş nesiller hakynda hemmetaraplaýyn alada edýändikleri üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny bildirdiler hem-de Watanymyzyň şan-şöhratynyň has-da belende galmagy ugrunda mundan beýläk-de yhlasly zähmet çekjekdiklerine ynandyrdylar.