Hyzmatdaşlyk
07.06.2022
5881
Türkmenistanyň we Russiýanyň Daşary işler ministrleri Hazar sammitine taýýarlyk meselelere seretdiler
2022-nji ýylyň 6-njy iýunynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri S.Lawrow bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi.
01.06.2022
7556
Almatyda Merkezi Aziýanyň we Ýewropa Bileleşiginiň ýörite wekilleriniň Owganystan boýunça nobatdaky duşuşygy geçirildi
Almaty şäherinde Merkezi Aziýanyň we Ýewropa Bileleşiginiň ýörite wekilleriniň Owganystan boýunça nobatdaky duşuşygy geçirildi.
27.05.2022
8793
Türkmenistanyň Ilçisi BMG-niň Senagat ösüşi boýunça Guramasynyň täze bellenen Baş direktory bilen duşuşdy
2022-nji ýylyň 26-njy maýynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Wenadaky Edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili BMG-niň Senagat ösüşi boýunça Guramasynyň (UNIDO) täze bellenen Baş direktory Gerd Müller bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.
26.05.2022
9011
Türkmenistanyň wekiliýeti ÝHHG-niň Ykdysady we daşky gurşaw forumynyň mejlisine gatnaşdy
2022-nji ýylyň 23-24-nji maýynda Polşanyň Lodz şäherinde geçirilen Ýewropada Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň (ÝHHG) Ykdysady we daşky gurşaw forumynyň 2-nji taýýarlyk mejlisine Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.
25.05.2022
6900
Türkmenistan we Eýran ykdysady hyzmatdaşlygyň giňeldilmegini ara alyp maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mehdi Safari bilen duşuşygy geçirildi.
24.05.2022
5986
Tähranda YHG-nyň agza-ýurtlarynyň wekilleriniň mejlisi geçirilýär
2022-nji ýylyň 23-nji maýynda Tähranda YHG-niň Sekretariatynda «YHG-niň netijeliligini ýokarlandyrmak we tanymallygyny artdyrmak» atly mowzuk bilen iş duşuşygy öz işine başlady. Mejlis agza döwletleriň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde geçirilýär. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.
24.05.2022
7504
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Fransiýanyň Ilçisi bilen duşuşdy
2022-nji ýylyň 23-nji maýynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow Fransiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtýarly Ilçisi Izabel Ginel bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.
23.05.2022
6682
Ženewa şäherinde Merkezi Aziýada saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2022-nji ýylyň 22-nji maýynda Türkmenistanyň BMG-niň Ženewa şäherindäki Bölüminiň ýanyndaky hemişelik wekilhanasynyň binasynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň saglygy goraýyş ministrleriniň Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebitleýin edarasynyň direktory doktor Hans Klüge bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.
23.05.2022
12675
Türkmenistanyň Eýrandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary Gülüstan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdylar
2022-nji ýylyň 19-njy maýynda Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçisi A.Gurbanow hem-de Maşat şäherindäki Baş konsuly Eýran tarapynyň çakylygy boýunça ýurduň Gülüstan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdylar.
19.05.2022
7360
Hormatly Prezidentimiz Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň Permany esasynda “Dostluk” ordeni bilen sylaglanyldy
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň Permany esasynda “Dostluk” ordeni bilen sylaglanyldy. Bu barada sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow aýtdy.