Hyzmatdaşlyk
19.11.2021
4995
Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň DIM-niň ýolbaşçylary hyzmatdaşlygyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň hem-de Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministri Çon Yý-ýonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.
18.11.2021
8822
Pan Gi Muna Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli medal gowşuryldy
2021-nji ýylyň 17-nji noýabrynda Koreýa Respublikasynyň Seul şäherinde Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli resmi çäre gurnaldy.
18.11.2021
5168
ABŞ-nyň Prezidenti Owganystandan raýatlary çykarmakda beren kömegi üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdi
ABŞ-nyň Prezidenti Jozef Baýden Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Owganystandan raýatlary çykarmak işinde beren kömegi we hyzmatdaşlygy üçin hoşallyk bildirdi. Bu hakda ABŞ-nyň ýolbaşçysynyň milli Liderimiziň adyna iberen hatynda aýdylýar.
17.11.2021
5062
Türkmenistanyň wekilleri GDA agza ýurtlaryň Howpsuzlyk geňeşleriniň sekretarlarynyň ýygnagyna gatnaşdy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow GDA agza ýurtlaryň Howpsuzlyk geňeşleriniň sekretarlarynyň Moskwada geçirilen IX duşuşygyna gatnaşdy.
16.11.2021
4118
Türkmenistanyň DIM-nde brifing geçirildi
Şu gün Daşary işler ministrliginde geçirilen brifing Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasyna bolan saparynyň, şeýle-de onuň çäklerinde Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň döwlet Baştutanlarynyň VIII sammitine gatnaşmagynyň jemlerine hem-de 28-nji noýabrda Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza döwletleriň Baştutanlarynyň sammitine görülýän taýýarlyk bilen bagly meselelere bagyşlandy.
16.11.2021
5349
Türkmenistanyň DIM-de BSGG-nyň wekilýeti bilen duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG-nyň) Ýewropa Sebitleýin edarasynyň adatdan daşary ýagdaýlar boýunça Sebileýin direktory hanym Dorit Nitsanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.
13.11.2021
4334
Türkmenistanyň Prezidenti Türki dilli döwletleri hereketleri utgaşdyrmaga çagyrdy
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türki dilli döwletleri dünýä bileleşiginiň öňünde durýan meseleleri çözmekde hereketleri utgaşdyrmaga çagyrdy. Bu barada döwlet Baştutanymyz Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň döwlet Baştutanlarynyň VIII sammitindäki çykyşynda aýtdy.
13.11.2021
4274
Döwlet Baştutanymyz Türki dilli döwletleri ylalaşylan ulag we energetika diplomatiýasyny alyp barmaga çagyrdy
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türki dilli döwletleri ylalaşylan ulag we energetika diplomatiýasyny alyp barmaga çagyrdy.
12.11.2021
4597
Türkmenistanyň wekilýeti Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň Daşary işler ministrleriniň VIII mejlisine gatnaşdy
Respublikasynyň Stambul şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň Daşary işler ministrleriniň sekizinji mejlisine gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.
10.11.2021
8441
Türkmenistanyň we Awstriýanyň Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gepleşikleri geçirildi
DIM-niň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň türkmen paýtagtyna iş sapary bilen gelen Awstriýa Respublikasynyň Ýewropa we halkara işleri boýunça Federal ministri Mihael Linhart bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.