Ykdysadyýet
16.11.2023
6929
Ýurdumyzyň gaz känlerinde mawy ýangyjyň senagat akymy artýar
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän energetika syýasaty ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine gönükdirilendir.
16.11.2023
5877
Türkmen-saud ykdysady hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýangyç-energetika toplumyna gözegçilik edýän orunbasary B.Amanowyň Saud Arabystany Patyşalygynyň maýa goýum ministri Halid Al Falih bilen sanly ulgam arkaly duşuşygy geçirildi. Onda özara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
16.11.2023
8279
«Türkmenistanda öndürildi» internet çeşmesi türkmen öndürijileriniň eksport mümkinçiliklerini artdyrmaga gönükdirilendir
«Türkmenistanda öndürildi» iş portaly ýurt içindäki halkyň sarp edýän dürli ýokary hilli harytlaryny öndürijileri birleşdiren täze onlaýn ýerlik boldy.
15.11.2023
7728
Bereket guş toplumynda önüm öndüriliş artdyrylýar
Döwletli Diýarymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, halkymyzyň eşretli, bolelin durmuşyny üpjün etmek baradaky taýsyz tagallalaryň çäklerinde Balkan welaýatynda hem ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Bu ugurda oba hojalyk toplumyna degişli edaralar bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolup durýan daýhan hojalyklarynda-da toplumlaýyn işler alnyp barylýar.
15.11.2023
6295
Aşgabatda Eýranyň ýöriteleşdirilen sergisi geçiriler
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy 2023-nji ýylyň 17–19-njy noýabrynda geçiriljek Eýran Yslam Respublikasynyň «Iran Prože» atly ýöriteleşdirilen sergisini guramak boýunça iş alyp barýar.
13.11.2023
5349
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 29 million 492 müň dollaryndan gowrak boldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 53-si hasaba alyndy.
13.11.2023
6064
Ýaşyl maýsalara ideg etmek işleri barha ýaýbaňlanýar
Lebap welaýaty boýunça şu möwsümde 130 müň gektar meýdana galla tohumy sepilip, öňümizdäki ýylda ondan esasy azyklyk önümi bolan bugdaýyň 310 müň tonna hasylyny almaklyk meýilleşdirilýär.
12.11.2023
8668
Balkan welaýatynyň pagtaçylarynyň zähmet ýeňşi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bereketli türkmen topragynyň sahawatynyň şanyna ýurdumyzyň ähli künjeklerinde Hasyl toýunyň uly dabaralara beslenýän gününde Balkan welaýatynyň edermen daýhanlary pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamany ýurdumyzda ilkinji bolup ýerine ýetirdiler. Olar 16 müň tonnadan gowrak «ak altyny» Watan harmanyna tabşyrdylar.
11.11.2023
5318
Tüwiň bol hasyly ýygnalýar
Ýurdumyzyň Daşoguz welaýatynda bol tüwi hasyly ýygnalýar. Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň «27-nji oktýabr» daýhan birleşiginde üç müň üç ýüz elli gektardan iki müň sekiz ýüzden gowrak gektaryň tüwi hasyly ýygnaldy.
09.11.2023
10396
Türkmenistanyň öňdebaryjy IT kompaniýalary «Türkmentel-2023» sergisine gatnaşýarlar
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda işläp başlan «Türkmentel-2023» telekommunikasiýalar, telemetriýa, maglumat tehnologiýalary we ýaýlym enjamlary XVI Halkara sergi we ylmy maslahaty öňdebaryjy içerki we daşary ýurt IT kompaniýalaryny hödürlemek üçin netijeli tanyşdyryş meýdançasyna öwrüldi.