Ykdysadyýet
26.08.2023
6352
Türkmenistanyň Prezidenti gyş möwsüminde sarp edijileri tebigy gaz bilen üpjün etmek üçin häzirden taýýarlyk görmegi tabşyrdy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylaryna gyş möwsüminde sarp edijileri tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek üçin häzirden taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
26.08.2023
7878
2023-nji ýylyň ýedi aýynda Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň ösüş depgini 6,2 göterim boldy
Şu ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda jemi içerki önümiň ösüşi 6,2 göterim artdy. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow şu ýylyň ýedi aýynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň netijelerine bagyşlanan hökümetiň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde habar berdi.
24.08.2023
5664
Türkmenistan we Özbegistan energetika boýunça gatnaşyklary ösdürýärler
Şu gün paýtagtymyzda Özbegistan Respublikasynyň Energetika ministri Ž.Mirzamahmudowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk we senagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary B.Annamämmedow bilen hem duşuşygy geçirildi.
24.08.2023
5492
Aşgabatda türkmen-yrak gaz hyzmatdaşlygy ara alnyp maslhatlaşyldy
Şu gün paýtagtymyzda ýurdumyza sapar bilen gelen Yrak Respublikasynyň ýokary derejeli wekiliýetiniň agzalary bilen «Türkmengaz» döwlet konserniniň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi.
23.08.2023
6349
“Batly-Gadam” belent ösüşlere beslenýär
Garaşsyzlyk ýyllarynda döwletimiz tarapyndan hususy pudagyň döwrebaplaşdyrylmagy, oňa düýpli maýa goýum serişdeleriniň gönükdirilmegi netijesinde öňde goýlan belent wezipelere abraý bilen hötde gelinýär.
23.08.2023
4598
«NowaEco» durnukly geljegi hakykata öwürmäge çalyşýar
«NowaEco» ýurdumyzda täze kartony, ýokary hilli gofra gaplary we kagyzy köp mukdarda öndürýan kärhanalaryň biridir. 1999-njy ýyldan bäri gofra kartonyň bazarynda üstünlikli işleýän bu kärhana, bazardaky paýynyň 50 göterimine eýe bolup, ýurdumyzyň kagyz we gaplaýyş pudagynda öňdebaryjy bolup durýar.
22.08.2023
6488
Günbatar sebitde “Senagat plastik” hojalyk jemgyýetiniň önümleri artýar
Diýarymyzyň telekeçileri halk hojalygynyň dürli pudaklarynda toplumlaýyn işleri alyp barmak bilen birlikde islegli harytlaryň, hil nyşanly önümleriň bolçulygyny döretmekde hem-de işleriň hilini we netijeliligini ýokarlandyrmakda görnükli hyzmatlary bitirýärler.
21.08.2023
5049
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 48 million 451 müň dollaryndan gowrak boldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 40-sy hasaba alyndy.
18.08.2023
7747
Miwe we gök önümlerden bol hasyl ýygnaldy
Tomus paslynda ýurdymyzyň Daşoguz welaýatynda on iki müň tonnadan gowrak hyýar, ýigrimi dört müň tonnadan gowrak pomidor, on müň tonna kelem, on üç müň tonnadan gowrak käşir ýygnaldy.
18.08.2023
6036
Möhüm möwsüme guramaçylykly taýýarlyk
Ýurdumyzyň esasy milli baýlyklarynyň biri bolan gowaçanyň bol hasylyny kemala getirmekde baý iş tejribesini toplan Lebap welaýatynyň pagtaçy kärendeçileri şu ýyl hem gowaçanyň bitginli hasylyny kemala getirdiler.