Ykdysadyýet
19.01.2023
12364
Türkmenistan — Russiýa: ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk diwersifikasiýalaşdyrylýar
Şu gün paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynyň mejlisler zalynda geçirilen Türkmen-rus işewürlik maslahaty Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädim boldy.
17.01.2023
8575
Türkmenistan gaz pudagy kämilleşdirýär
Türkmenistanda satlyk gaz ätiýaçlyklaryny üpjün etmek maksady bilen, ilkinji gezek ýerasty ammar desgalaryny gurmak boýunça taslama durmuşa geçiriler. Ony durmuşa geçirmek işine halkara tejribesine laýyklykda iş alyp barmagy, şeýle hem tehniki-ykdysady esaslandyryşy, taslamany taýýarlamagy, enjamlaşdyrmagy we gurluşyk işlerini amala aşyrmagy üçin, halkara geňeş kompaniýalary çekmek meýilleşdirilýär.
17.01.2023
6240
Halyçylyk kesbiniň şöhraty belende göterilýär
Halkymyzyň gadymdan gelýän milli senedi bolan halyçylyk kesbini ösdürmäge döwletimiz tarapyndan hemişe aýratyn üns berilýär. Bu ugurda ýurdumyzyň hemme sebitlerinde bolşy ýaly, Balkan welaýatynda ýetilen sepgitler hem aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Has takygy, geçen gysga döwürde welaýatyň Esenguly şäherinde 300 orunlyk, Gyzylarbat şäherinde 500 orunlyk, Bereket şäherinde bolsa 120 orunlyk täze çeper halyçylyk kärhanalarynyň dabaraly ýagdaýda açylyp, işe girizildi.
17.01.2023
8139
Pomidoryň bol hasyly ösdürilip ýetişdirilýär
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Ýigit» hojalyk jemgyýeti ýurdumyzda daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan oba hojalyk önümlerini ösdürip ýetişdirmekde we ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmekde uly goşant goşýar. Şu günler «Aşgabat» söwda we dynç alyş merkezinde bu hojalyk jemgyýeti öz ýyladyşhanalarynda öndürilen pomidorlary ilata 1 kg – 2 manat bahasyndan hödürleýär.
16.01.2023
5615
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň 28-si hasaba alyndy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 28-si hasaba alyndy.
16.01.2023
13081
Elektrik energiýasynyň öndürilişi ýokarlanýar
Garaşsyzlyk ýyllarynda kuwwatlylygy düýpli artdyrylan Balkanabat döwlet elektrik bekediniň täze önümçilik desgalarynda elektrik energiýasynyň öndürilişi üç essä barabar artdyryldy.
16.01.2023
8938
Pomidoryň bol hasyly
Ýurdumyzyň Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň Talhanbazar geňeşliginiň çäginde ýerleşýän, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Altyn bürgüt» hususy kärhanasynyň döwrebap ýyladyşhanalar toplumynda pomidoryň bol hasyly kemala getirilýär.
12.01.2023
12287
«Gerçek» hususy kärhanasy önümçilikde täze tehnologiýaly enjamlary özleşdirýär
«Gerçek» haryt nyşanly aýakgap önümlerini öndürýän hususy kärhanasynyň telekeçileri Täze – «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylan 2023-nji ýylyň ilkinji günlerini zähmet üstünliklerine besleýärler.
12.01.2023
7902
Lebap welaýatynda azyk önümlerini öndürmegiň depgini ýokarlanýar
Lebap welaýatynyň telekeçileri döwletimiziň döredip berýän giň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanyp, azyk önümlerini öndürmegiň depginini has-da ýokarlandyrýarlar. Munuň şeýledigini tamamlanan 2022-nji ýylyň görkezijileri bütin aýdyňlygy bilen tassyklaýar.
11.01.2023
5995
Türkmenistanda ýaşlaryň innowasion başlangyç taslamalarynyň bäsleşigi geçirildi
Aşgabatda ýaşlaryň innowasion başlangyç taslamalarynyň tamamlaýjy bäsleşiginiň netijeleri jemlendi. Bäsleşik Türkmenistanyň Ykdysadyýetçiler birleşiginiň «Ekoulgam başlangyjy – 2022» maksatnamasynyň we USAID-iň Häzirki zaman hünär endiklerini ösdürme taslamasynyň (YDA) çäginde geçirildi.