Ykdysadyýet
13.06.2022
8238
TDHÇMB-nyň söwda geleşikleriň bahasy ABŞ-nyň 134 million 755 müň dollaryndan gowrak boldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 18-si hasaba alyndy.
10.06.2022
8350
Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň gallaçylary bugdaý oragyna girişdiler
Türkmenistanda orak möwsümi gyzgalaňly dowam edýär. Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tassyklan tertibine laýyklykda, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem güýzlük bugdaý oragyna girişdiler. Bu welaýatlar toprak-howa şertlerine laýyklykda, oraga ýurdumyzyň beýleki sebitlerinden biraz giç başlaýar.
08.06.2022
8022
Türkmen ýüpekçileriniň zähmet ýeňşi
Ýurdumyzyň ýüpekçileri Watan harmanyna 2300 tonnadan gowrak pile tabşyryp, dokma pudagy üçin bu gymmatly çig maly taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny abraý bilen ýerine ýetirdiler. Munuň özi ata Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda döwlet tarapyndan berilýän yzygiderli goldawlara daýanylyp, ýüpekçilik pudagyny hemmetaraplaýyn ösdürmek ugrunda edilýän tagallanyň aýdyň netijesidir.
08.06.2022
8111
Türkmenistanda elektrik energiýanyň eksporty artdy
Türkmenistanda elektroenergetika ykdysadyýetiň depginli ösýän pudaklarynyň biridir. 2022-nji ýylyň başyndan bäri Energetika ministrligi boýunça önüm öndürmek we ýerine ýetirilen işler babatda meýilnama 128,1 göterim berjaý edildi. Elektrik energiýanyň öndürilişiniň ösüş depgini 116,8 göterime, onuň eksport edilişi bolsa 150,3 göterime deň boldy.
07.06.2022
9761
Ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek döwlet ähmiýetli wezipedir
Häzirki döwürde ýurdumyzyň oba hojalygyny toplumlaýyn ösdürmek boýunça ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, pudaga häzirki zaman ylmynyň gazananlarynyň we sanly ulgamyň işjeň ornaşdyrylmagy netijesinde azyk önümleriniň öndürilýän mukdary artýar. Şol bir wagtyň özünde toplumyň eksport kuwwaty pugtalanýar.
07.06.2022
9198
Türkmenistanyň hünärmenleri Owganystanda demir ýol gurluşugyna dowam etmäge girişýärler
«Türkmendemirýollary» agentliginiň we Owganystanyň Demirýollar guramasynyň arasynda gol çekilen Ylalaşyga laýyklykda, 2022-nji ýylyň 5-nji iýunynda Türkmenistanyň demirýolçulary we bilermenleri Akina şäherine Akina-Andhoý demirýolunyň gurluşygyny dowam etmek üçin geldiler.
07.06.2022
5366
Türkmenistanyň dokma brendleri internet-portalda
«Türkmenistanda öndürildi» brend bilen täze dokma önümlerini indi öýden çykman, satyn almak bolýar.
06.06.2022
5791
Tamamlanan hepde söwdanyň ýokarlanýandygy bilen tapawutlandy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 30-sy hasaba alyndy.
03.06.2022
8653
Ýurdumyzda galla oragyna badalga berildi
Şu gün ýurdumyzda galla oragyna badalga berildi. Ministrler Kabinetiniň 26-njy maýda geçirilen göçme mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu möhüm oba hojalyk möwsüminiň başlanmagyna ak pata berip, edermen daýhanlara zähmet üstünliklerini arzuw etdi. Şoňa laýyklykda, Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdiler. Balkan hem-de Daşoguz welaýatlarynyň gallaçylary bolsa bu işe 10-njy iýunda girişerler.
02.06.2022
7392
Türkmenistanyň wekiliýeti Gümrük gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň ýedinji sebitara duşuşygyna gatnaşdy
2022-nji ýylyň 25-26-njy maýy aralygynda Täjigistan Respublikasynyň Duşanbe şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirligi bilen Bütindünýä gümrük guramasynyň arasyndaky «Konteýnerli daşamalara gözegçilik etmek boýunça» Ählumumy maksatnamasynyň çäklerinde Gümrük gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň ýedinji sebitara duşuşygy geçirildi.