Ykdysadyýet
17.05.2022
7691
Babadaýhanlaryň gujurly zähmeti
Diýarymyzyň azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak we içerki bazarlary özümizde öndürilýän önümler bilen üpjün etmek boýunça ýurdumyzyň oba senagat toplumynyň öňünde goýlan wezipelere laýyklykda, Daşoguz welaýatynyň ekarançylary ýeralmadan, gök-bakja ekinlerinden ýokary hasyl almak boýunça toplumlaýyn işleri alyp barýarlar.
16.05.2022
8520
TDHÇMB-nyň söwda geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 29 million 203 müň dollaryna deň boldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 48-si hasaba alyndy.
16.05.2022
7940
Bankyň döwrebap binasy açyldy
Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň Lebap welaýatynyň Magdanly şäher şahamçasynyň iki gatdan ybarat döwrebap binasy dabaraly ýagdaýda açyldy. Bankyň täze binasynyň Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň giňden ýokary ruhubelentlige beslenip geçirilýän baýramy bilen sazlaşmagy aýratyn many-mazmuna eýedir.
12.05.2022
6539
Ideg işleri guramaçylykly dowam edýär
Senagat üçin gymmatly çig mal bolan piläni öndürilýän möçberlerini artdyrmak, gaýtadan işlenmeginiň takyk ulgamyny ýola goýmak, bu möhüm önümçilik işinde ösen döwrebap tehnologiýalary peýdalanmagyň täze mümkinçiliklerini öwrenmek hem-de ýüpekçilik pudagynda öndürijilikli zähmeti has-da höweslendirmek derwaýys işleriň hatarynda durýar.
12.05.2022
6194
Awazaly energetikleriň batly gadamlary
Berkarar Diýarymyzda üznüksiz elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjünçiligi has-da ýokary derejä çykarmakda giň gerimli işler amala aşyrylýar.
10.05.2022
9743
Gyýanly polimer zawodynda izobutan öndüriler
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow geçen anna güni geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlsinde «Gyýanly polimer zawodynda izobutan ömünçiligi boýunça desgany gurmak» Karara gol çekdi.
10.05.2022
9350
Ýüpekçilik: pile harmanlary beýgelýär
Lebap welaýatynda döwlete pile tabşyrmagyň şertnamalaýyn borçnamasyny berjaý edýän etraplaryň sany barha artýar. Gündogar sebtiň Halaç, Kerki, Hojambaz etraplarynyň pileçileri welaýatda ilkinjiler bolup, arzyly pellehana ýetmekligi başardylar.
08.05.2022
10642
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň 49-sy hasaba alyndy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 49-sy hasaba alyndy.
07.05.2022
10645
Türkmen kompaniýasy “Hazyna” nyşanly täze azyk önümleriniň önümçiliginiň ýola goýdy
“Owadan ülke” hojalyk jemgyýeti şu ýylyň aprel aýynda täze önümçiligi ýola goýdy. Täze önüm bolan spred (mesge) ýagy pagta çigidinden alynýan ýagy gaýtadan işlemek arkaly öndürilýär. “Hazyna” nyşany bilen öndürilip başlanan mesge ýagy 200 gramlyk, 5, 10, 20 kilogramlyk gaplara gaplanylýar.
06.05.2022
10527
Ýurdumyzyň telekeçileriniň täze önümleri
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler bileleşmesiniň (TSTB) metbugat merkeziniň habar bermegine görä, Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň şöhlat öndürýän kärhanasynda täze önümiň – ýokary hilli buglanan sygyr etiniň önümçiligi ýola goýuldy. Täze önüm “Kuwwatly” söwda nyşany bilen 425 gram göwrümli bankalarda gaplanýar.