Ykdysadyýet
25.03.2022
10582
Türkmen kompaniýasy dermanlyk ösümlikleriň tagamy bolan alkogolsyz içgileri öndürýär
«Maksatly türkmen» hojalyk jemgyýeti «Tut» söwda belgili gazlandyrylan alkogolsyz içgileri öndürýär. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherinde ýerleşýän kärhanada 30-dan gowrak adam işleýär – diýip Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň metbugat gullugy habar berýär.
24.03.2022
6316
HK «Türkmen ýyldyzy» elektrik geçiriji simleriň önümçiligini ýola goýdy
Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň okgunly ösüşleri, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagy, berkarar Watanymyzyň çar künjeginde dürli desgalaryň we binalaryň yzygiderli gurlup ulanylmaga berilmegi netijesinde, ýurdumyzda sarp edilýän elektrik energiýasynyň möçberi barha artýar, şonuň bilen birlikde elektrik enjamlarynyň we geçirijileriniň sarp edilişi hem ýokarlanýar.
23.03.2022
6154
Ýurdumyzda gowaça ekişine girişildi
Ýurdumyzda möhüm oba hojalyk möwsümi bolan gowaça ekişi başlandy. Ministrler Kabinetiniň 10-njy martda geçirilen mejlisinde tassyklanan tertipnama laýyklykda, 23-nji martda Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynyň pagtaçylary gowaça ekişine girişdiler.
23.03.2022
31283
Oba hojalygy üçin täze tehnikalar we tehnologiýalar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow wezipä girişmek dabarasynda çykyşynda ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek örän möhüm wezipeleriň biridigini nygtady.
21.03.2022
13507
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň önümleri daşary ýurtly alyjylarda uly gyzyklanma döredýär
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
20.03.2022
6585
HK «Batly Gadam» eksport mümkinçiligini artdyrýar
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Balkanabat şäherindäki «Batly Gadam» hususy kärhanasynyň hünärmenleri ýokary hilli, islegli önümleri öndürýärler.
19.03.2022
15221
Alternatiw energiýa çeşmeleri
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň «Energiýatygşytlaýyş» laboratoriýasynyň hünärmenleri energiýanyň arzan alternatiw çesmesini, hususan-da, «ýaşyl» wodorod «almagyň» usullaryny işläp taýýarlaýarlar. Ýagny ekologiýa taýdan arassa ýangyç geljekde gazylyp alynýan elektrik energiýa çeşmeleriniň ornuny tutar.
17.03.2022
8681
Ýazlyk sogan ekişi üstünlikli geçirildi
Daşoguz welaýatynda ýazlyk sogan ekişi martyň birinji ýarymynda üstünlikli tamamlandy. Ýokary derejede guramaçylykly geçirilen işleriň netijesinde, ýurdumyzyň demirgazyk sebiti üçin kabul ederlikli möhletde öten ýylkydan iki esse diýen ýaly uly meýdana sogan ekildi.
16.03.2022
35880
Täze dokma toplumlary – ýokary tehnologiýaly önümçilik
Ahal welaýatynyň Kaka we Babadaýhan etraplarynda gurlan häzirki zaman dokma toplumlarynda «Jeýtun» we «Mäne» markaly dokma önümlerini öndürmegi özleşdirýärler. Kakaly dokmaçylar tikin önümçiligine – nusgawy we sport eşikleriniň - erkek köýnekleriniň, «çinos» görnüşli jalbarlaryň, çaga jalbarlarynyň we köýnekleriniň önümçiligini ýola goýdular. Babadaýhandaky fabriginde bolsa ýorgan-düşek toplumlarynyň önümçiligi artdyrylýar.
15.03.2022
7271
Ekologiýa taýdan arassa önümler
Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň dolandyryş merkezinde ýerleşýän «Türkmen çаrwа» hususy kärhanasynyň hünärmenleriniň öndürýän mebelleri ýurdumyzyň bazarynda öz ornuny tapdy.