Ï Ylym-bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk ilerledilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ylym-bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk ilerledilýär

view-icon 52

Şu gün Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda himiýa dersi boýunça V halkara olimpiadanyň açylyş dabarasy we «Himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny durnukly ösdürmekde öňdebaryjy tejribeleriň ähmiýeti» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Olimpiada daşary ýurtlaryň 7-siniň — Russiýa Federasiýasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Belarus Respublikasynyň, Rumyniýanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň ýokary okuw mekdepleriniň 25-sinden 100-den gowrak hem-de ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 24-sinden 160-a golaý talyp gatnaşýar. Olimpiada halkara ülňülere laýyklykda, şahsy we toparlaýyn görnüşde, A hem-de B derejede geçirilýär.

Halkara olimpiadanyň açylyş dabarasynda edilen çykyşlarda Türkmenistanyň dünýä döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýandygy bellenildi. Ýurdumyzda öňdebaryjy tejribelere esaslanyp durmuşa geçirilýän bilim özgertmeleriniň, bilim-ylym we ýaşlar syýasatynyň ähmiýeti barada nygtaldy. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde geçirilýän himiýa dersi boýunça V halkara olimpiada bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň giň gerimde ösdürilýändiginiň aýdyň mysalydyr.

Dabara aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşdy. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar olimpiadany geçirmäge döredilen giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize hoşallyklaryny beýan etdiler.

Günüň ikinji ýarymynda «Himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny durnukly ösdürmekde öňdebaryjy tejribeleriň ähmiýeti» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň açylyş dabarasy boldy. Utgaşykly görnüşde geçirilen maslahata daşary ýurtlaryň 13-siniň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň, ylmy-barlag edaralarynyň alymlarynyň, ylmy işgärleriniň, aspirantlarynyň, magistrleriniň 90-a golaýy, Türkmenistanyň ugurdaş edaralaryndan 130 töweregi wekil gatnaşdy.

Çykyşlarda Bitarap Watanymyzda ylym ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda alnyp barylýan işler, bilelikdäki ylmy-barlag taslamalaryny durmuşa geçirmegiň ähmiýeti, himiýa ylmynyň we tehnologiýalarynyň häzirki zaman şertlerinde ösüşi, himiýa boýunça ýokary bilimli hünärmenleri, ylmy işgärleri taýýarlamakda döwrebap usulyýetiň, innowasion tehnologiýalaryň orny barada durlup geçildi.

***

Şu gün Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde “Ylym-bilim ulgamynda sanly tehnologiýalar, emeli aň we kiberhowpsuzlyk: ylmy-tehnologik ösüşiň häzirki zaman ugurlary” atly utgaşykly görnüşdäki halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahata ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, ylmy işgärleri, talyplar, daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri, ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenleri gatnaşdylar.

Maslahata gatnaşyjylar, ilki bilen, uniwersitetiň giň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergini synladylar. Sergide täze sanly çözgütler, interaktiw okuw serişdeleri, bilim ulgamyna niýetlenen programma üpjünçilikleri bilen bir hatarda, bu ýokary okuw mekdebiniň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gazanan üstünliklerini beýan edýän diwarlyklar, milli gymmatlyklarymyz görkezildi.

Forumyň açylyş dabarasynda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesliň sanly ulgamyň, emeli aňyň we ýokary tehnologiýalaryň döredýän mümkinçiliklerinden mynasyp baş çykarmaklary üçin giň gerimli işleriň durmuşa geçirilýändigini bellediler. Şunda ýurdumyzyň sanly ykdysadyýete geçmek boýunça durmuşa geçirýän ulgamlaýyn işleri, sanly bilim ulgamynyň ösüş depginleri, bu ugurda alnyp barylýan halkara hyzmatdaşlygyň ähmiýeti aýratyn üns merkezinde boldy. Maslahata gatnaşan daşary ýurtlaryň wekilleriniň çykyşlarynda bilim ulgamynda, täze tehnologiýalary oýlap tapmak işinde ýurdumyzyň bilim edaralary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge bolan taýýarlyk beýan edildi.

Soňra ylmy-amaly maslahat öz işini bölümçelerde dowam etdi. Olaryň dowamynda geçirilen ara alyp maslahatlaşmalarda ählumumy sanlylaşdyrma şertlerinde durnukly ösüşi üpjün etmekde sanly tehnologiýalaryň, emeli aňyň, kiberhowpsuzlygyň ähmiýeti nygtaldy. Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, ýurdumyz gysga döwrüň içinde okgunly tehnologik ösüş gazandy. Munuň özi ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmagy we iň gowy dünýä tejribesini özleşdirmegi möhüm wezipe hökmünde kesgitlän uzak möhletleýin durmuş-ykdysady ösüş maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmegiň netijesinde mümkin boldy.

***

Şu gün Türkmen döwlet medeniýet institutynda “Taryhy-medeni ýadygärlikleri öwrenmekde we gorap saklamakda toplanan tejribe” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ugurdaş edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Ylmy-amaly maslahatda çykyş edenler Türkmenistanyň dünýäde baý taryhy we medeni mirasy bolan künjekleriň biri hasaplanýandygyny, soňky ýyllarda geçirilen arheologik gazuwagtaryş işleriniň netijesinde toplanan ylmy maglumatlaryň Watanymyzy iň gadymy adamzat siwilizasiýalarynyň biri hökmünde ykrar etmäge esas berýändigini bellediler. Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň ähli sebitlerinde taryhyň dürli döwürlerine degişli arheologik ýadygärliklerde gazuw-agtaryş işleri geçirilip, halkymyzyň maddy we ruhy baýlyklarynyň biziň günlerimize çenli saklanyp galan gadymy nusgalary etnografiýa taýdan içgin öwrenilýär.

Türkmenistanda adamzat jemgyýetiniň taryhynyň gadymy döwürlerinden başlap, giçki orta asyrlara çenli saklanyp galan maddy-medeni ýadygärlikleriň öwrenilmeginde halkara hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýär. Bu ugurda daşary ýurtly alymlar, ugurdaş düzümler bilen bilelikde gazuw-agtaryş işleri geçirilýär. Bu bolsa gadymy döwürleriň ekologiýasy, ösümlik we haýwanat dünýäsi bilen tanyşmaga, ýurdumyzyň çäklerinde ýaşap geçen ilatyň ýaşaýyş-durmuşyny içgin öwrenmäge ýardam berýär. Bu ugurda Türkmenistan ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasy komiteti bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän taryhy ýadygärlikleriň birnäçesi, şol sanda Gadymy Merw, Köneürgenç, Nusaý galalary, “Beýik Ýüpek ýoly: Zerewşan — Garagum geçelgesi” ýaly taryhy-medeni desgalar ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.

“Taryhy-medeni ýadygärlikleri öwrenmekde we gorap saklamakda toplanan tejribe” atly ylmy-amaly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzyň taryhyny içgin öwrenmek, ony dünýäde wagyz etmek ugrunda döredilýän ähli şertler üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.