Ï «Türkmenpoçta» kompaniýasy «Türkmentel – 2026» sergisinde sanly hyzmatlaryň täze mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Türkmenpoçta» kompaniýasy «Türkmentel – 2026» sergisinde sanly hyzmatlaryň täze mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy

view-icon 194
«Türkmenpoçta» kompaniýasy «Türkmentel – 2026» sergisinde sanly hyzmatlaryň täze mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy
«Türkmenpoçta» kompaniýasy «Türkmentel – 2026» sergisinde sanly hyzmatlaryň täze mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy
«Türkmenpoçta» kompaniýasy «Türkmentel – 2026» sergisinde sanly hyzmatlaryň täze mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy
«Türkmenpoçta» kompaniýasy «Türkmentel – 2026» sergisinde sanly hyzmatlaryň täze mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy

«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasy «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2026» atly halkara maslahatda we sergide, şeýle hem «Türkmentel – 2026» atly halkara sergide we ylmy maslahatda öz mümkinçiliklerini tanyşdyrdy.

Sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň çäklerinde «Türkmenpoçta» kompaniýasy hyzmatlaryň elýeterliligini we aýdyňlygyny ýokarlandyrýan elektron platformalary işjeň ornaşdyrýar. Kompaniýanyň resmi web sahypasynda we ulanyjynyň şahsy otagynda yzarlaýyş belgisi arkaly poçta ibermelerini çalt yzarlamak mümkinçiligi döredildi.

Bu ugurda «Çapar Pay» mobil goşundysy aýratyn ähmiýete eýedir. Ol smartfony doly derejeli sanly poçta edarasyna öwürýär. Goşundynyň kömegi bilen tiz we ygtybarly eltip bermek, aragatnaşyk, telewideniýe we jemagat hyzmatlary üçin töleg geçirmek, demir ýol we uçar peteklerini satyn almak, şeýle hem metbugat neşirlerine abuna ýazylmak bolýar.

Mundan başga-da, kompaniýa harytlary uzak aralykdan sargyt etmek üçin öz söwda onlaýn meýdançasy bolan platformasyny, şeýle hem Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen bilelikde okyjylara elektron we audio kitaplardan peýdalanmaga mümkinçilik berýän medeni-bilim taslamasy bolan Ekitap taslamasyny ösdürýär.

Halkara onlaýn söwdanyň mümkinçiliklerini giňeltmekde TM-Drops logistika hyzmaty bilen ýola goýlan hyzmatdaşlyk möhüm ädim boldy. Bu hyzmatdaşlygyň netijesinde ýurdumyzyň ýaşaýjylary Amazon, eBay, Zara we Jomashop ýaly meşhur daşary ýurt internet dükanlaryna gönüden-göni elýeterlilik gazandylar.

Platformada hasaba alnandan soň, ulanyjy ABŞ-daky we Ýewropa ýurtlaryndaky, şol sanda Italiýadaky we Gresiýadaky ammarlarda özüne degişli şahsy wirtual salgyny we identifikasiýa belgisini alýar. Ýewropa ýurtlaryndan Türkmenistana ibermeleriň ortaça eltip beriş möhleti 7 – 14 gün, ABŞ-dan bolsa 10 – 20 gün bolup, hyzmat ýurdumyzyň ähli çägini öz içine alýar.

Hyzmatlaryň bahasy diňe poçta ibermesiniň hakyky agramyna görä hasaplanylýar. Bu bolsa alyjylara çykdajylaryny öňünden meýilleşdirmäge mümkinçilik berýär. Harydy ibermek üçin onuň bahasyny hökmany suratda deklarasiýada görkezmek zerurdyr. Ähli ýükler Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda gümrük gözegçiliginden geçirilýär. Ulanyjylara maglumat goldawy türkmen, rus we iňlis dillerinde berilýär.

«Türkmenpoçta» kompaniýasynyň wekili Aýjemal Annamuhammedowanyň belleýşi ýaly, geljekde ösdürilmegi ileri tutulýan ugurlaryň biri poçta bölümlerinde öz-özüňe hyzmat ediş terminallaryny – poçtomatlary ornaşdyrmakdan ybaratdyr. Elektron gulplar bilen enjamlaşdyrylan bu öýjükler müşderilere nobata durmazdan we işgärler bilen göni aragatnaşyk saklamazdan, özlerine amatly wagtda poçta ibermelerini almaga ýa-da ugratmaga mümkinçilik berer. Öýjükleri SMS arkaly iberilýän belgi, QR-belgisi ýa-da mobil goşundy arkaly açmak bolar.

Häzirki wagtda «Türkmenpoçta» kompaniýasy içerki we halkara poçta hyzmatlarynyň giň toplumyny, şol sanda ýük daşamak, poligrafiýa hyzmatlaryny we metbugat neşirlerine abuna ýazylmagy, şeýle hem «Salgytdan salga», «Gapydan gapa» we «EMS» ekspress hyzmatlaryny hödürleýär.

Adaty logistika hyzmatlarynyň öňdebaryjy tehnologiýalar bilen utgaşdyrylmagy halkara gatnaşyklary pugtalandyrmaga, elektron söwdany ösdürmäge we müşderilere edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga ýardam berýär.