25-nji noýabrda paýtagtymyzdaky Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekanynda «Watansöýüjiligiň mekdebi» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplary, ýaş ýazyjy-şahyrlar gatnaşdy. Duşuşyk Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan bilelikde guralyp, onuň esasy maksady Gahryman Arkadagymyzyň Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli şu ýylyň 2-nji sentýabrynda Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçiren umumy okuw sapagynda öňe süren pikirlerini ýaşlaryň arasynda wagyz etmekden ybarat boldy.
Döredijilik duşuşygynyň barşynda ýaş şahyrlar – Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby Ýusup Meredowyň, «Nesil» gazetiniň öz habarçysy Gurbansähet Gurbansähedowyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň talyby Nursoltan Derýaýewanyň, Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebiniň talyby Bägül Aýdogdyýewanyň, Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň talyplary Şagül Dowadowanyň hem-de Maksatmyrat Rejepmyradowyň çykyşlary diňlenildi. Olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň eşretleri, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan ýaşlar syýasaty, özleri üçin döredilýän şertler bilen bagly gürrüňlerini buýsançly goşgy setirleri arkaly beýan etmegi diňleýjiler üçin has-da täsirli boldy.

Çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň umumy okuw sapagynda maşgala mukaddesligi, watansöýüjilik, milli gymmatlyklar dogrusynda aýdan pähimli sözleri, bu babatda ýaşlara beren maslahatlary hakynda aýratyn durlup geçildi. Watanperwerlik, päk ahlaklylyk we parahatçylyk söýüjilik ýaly gylyk-häsiýetleriň halkymyzyň ganyna siňendigi, olaryň ýaş nesliň her bir wekilinde kemala gelmeginde maşgaladaky terbiýäniň uly orny eýeleýändigi barada nygtaldy.
Döredijilik duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşyjy ýaşlar bagtyýar zamananyň geljegi hökmünde özleri hakynda edilýän aladalar üçin Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar. Şeýle hem her aýyň soňky şenbesinde guralýan döredijilik duşuşyklarynyň mesgeni bolan Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekanynyň gapysynyň döredijilik bilen meşgullanýan we kämillige ymtylýan ýaşlar üçin elmydama açykdygy bellenildi.