Ï «STEM olimpiada» atly innowasion bilim bäsleşigi we sergisi üstünlikli jemlendi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«STEM olimpiada» atly innowasion bilim bäsleşigi we sergisi üstünlikli jemlendi

view-icon 11
«STEM olimpiada» atly innowasion bilim bäsleşigi we sergisi üstünlikli jemlendi

25-nji noýabrda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda «STEM olimpiada» atly innowasion bilim bäsleşigi we onuň çäklerinde tematiki sergi geçirildi.

Bu çärä ýurdumyzyň orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinden 120-den gowrak zehinli talyplar gatnaşdy.

Bäsleşigiň dowamynda toparlar «STEM», «STEAM» we «STREAM» usullary boýunça özleriniň nazary bilimlerini, ylmy-tehniki ukyplaryny hem-de amaly taýýarlyklaryny görkezdiler. Gatnaşyjylar tebigy ylymlar, tehnologiýa, inženerçilik, matematika ugurlary boýunça döredijilikli çözgütleri işläp düzmekde ýokary ussatlyk, şeýle hem toparyň düzüminde sazlaşykly işlemek ukyplaryny görkezdiler.

Bäsleşigiň soňunda emin agzalary iň gowy netijeleri gazanan toparlary kesgitlediler.

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň topary iň ýokary baýragy – baş baýragy gazandy.

Birinji orny Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň we Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň toparlary paýlaşdylar.

Ikinji orun Türkmenistanyň Serhet institutynyň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň we Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplaryna berildi.

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň we «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebiniň toparlary üçünji orny eýelediler.

Guramaçylar «STEM olimpiada» innowasion bilim bäsleşiginiň ýeňijilerini gutlamak bilen, olary taýýarlan halypa mugallymlaryna, ýolbaşçylaryna, şeýle hem olimpiada we sergä işjeň gatnaşan ähli okuwçylara, emin agzalaryna we hyzmatdaş bilim edaralaryna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Olimpiada bilen bir wagtda guralan ugurdaş sergisi oňa gatnaşanlarda we myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi. Sergide görkezilen innowasion taslamalar, tehniki şekil taslamalaryny we döwrebap işläp taýýarlamalary «pikirden innowasiýa çenli» ýörelgesiniň iş ýüzünde durmuşa geçirilýändigini aýdyň görkezdi. Sergi zehinli ýaşlara tejribe alyşmak, täze meýilnamalary ara alyp maslahatlaşmak mümkinçiligini berdi we okuwçylaryň ylmy barlaglara, pikirlerini durmuşa geçirmäge, şeýle hem täze, peýdaly we gyzykly taslamalary döretmäge bolan höwesini artdyrdy. 

Bu çäre ýurduň talyp ýaşlarynyň ylma, bilime, sanly tehnologiýalara, innowasiýa we döredijilik meselelerine bolan gyzyklanmasynyň yzygiderli artýandygyny tassyklady.

Bäsleşigiň maksady bilimiň hilini ýokarlandyrmakdan, «STEM», «STEAM» we «STREAM» usulyýetlerini okuw işine has giňden ornaşdyrmakdan hem-de bu ugurda okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdan ybaratdyr. Şeýle hem bäsleşik zehinli talyplary ýüze çykarmaga, okuwçylarda esasy hünär başarnyklaryny, tehnologik sowatlylygy, tankydy pikirlenmek ukybyny we häzirki zaman tehnologiýalary bilen işleşmek başarnyklaryny ösdürmäge gönükdirilendir.