Ylym
25.11.2026
134
Ylym-bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk ilerledilýär
Şu gün Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda himiýa dersi boýunça V halkara olimpiadanyň açylyş dabarasy we «Himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny durnukly ösdürmekde öňdebaryjy tejribeleriň ähmiýeti» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.
25.11.2026
438
Milli mirasymyzy goramakda täze sepgitler we ylmy tejribe
24-nji noýabrda Türkmen döwlet medeniýet institutynda «Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärliklerini öwrenmekde we gorap saklamakda toplanan tejribe» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
25.11.2026
409
Mugallymçylyk tejribesi we usulyýeti boýunça okuw sapagy geçirildi
Ýurdumyzda bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýaş nesle döwrebap bilim, we terbiýe bermek, şeýle hem ýokary bilimli, hünärine ökde ýaş hünärmenleri taýýarlamak ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Bu ugurda mugallymlaryň hünär ussatlygyny ýokarlandyrmak, ýaşlaryň nazary bilimlerini amaly tejribe bilen utgaşdyrmak aýratyn ähmiýete eýedir.
24.11.2026
331
Biologiýa dersi boýunça V halkara internet-olimpiadanyň jemi jemlendi
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde ýurdumyzyň we daşary ýurduň talyplarynyň arasynda biologiýa dersi boýunça V halkara internet-olimpiadasy geçirildi.
24.11.2026
283
«Oba hojalyk pudagynyň durnukly ösüşinde biotehnologiýalaryň orny» atly III halkara ylmy-amaly maslahat geçiriler
17-nji dekabrda Türkmen oba hojalyk instituty «Oba hojalyk pudagynyň durnukly ösüşinde biotehnologiýalaryň orny» atly sanly ulgam arkaly III halkara ylmy-amaly maslahat geçirer.
24.11.2026
1066
Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçisi türkmen talyplary bilen duşuşyk geçirdi
2026-njy ýylyň 23-nji noýabrynda Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçihanasy tarapyndan Sunway uniwersitetinde bilim alýan türkmen talyplary bilen duşuşyk geçirildi.
23.11.2026
1247
Fizika boýunça VI Açyk halkara olimpiada geçiriler
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek fizika boýunça VI Açyk halkara internet-olimpiadasyna gatnaşmaga çagyrýar.
23.11.2026
890
Türkmenistan bilim ulgamynda halkara maksatnama gatnaşdy
19-njy noýabrda ABŞ-nyň Tehas ştatynyň San-Antonio şäherinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň halkara hyzmatdaşlyk bölüminiň ýolbaşçysy Gülnabat Gurdowa ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň bilim we medeniýet meseleleri boýunça býurosynyň goldaw bermeginde durmuşa geçirilýän «Bilim edaralaryny dolandyrmakda strategik hyzmatdaşlyk we liderlik» atly halkara maksatnama gatnaşdy.
23.11.2026
524
ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi talyplar üçin teležurnalistika boýunça okuw maslahatyny geçirdi
17 – 20-nji noýabr aralygynda paýtagtymyzda ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi tarapyndan degişli fakultetleriň talyplary üçin teležurnalistika boýunça okuwlar geçirildi.
22.11.2026
1665
Edebi mirasymyzy öwrenmegiň möhüm ugurlaryna bagyşlandy
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň mejlisler zalynda «Garaşsyz Türkmenistanda edebi mirasymyzy öwrenmegiň möhüm ugurlary» ady bilen ylmy maslahat geçirildi.