Ylym
17.11.2026
2280
Bilimli nesil – kuwwatly Watan
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň geljegi hasaplanýan ýaş nesil baradaky alada döwletimizde esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenendir.
16.11.2026
2453
Howanyň üýtgemegine uýgunlaşmakda ekologik bilimiň, ylmy barlaglaryň we innowasion tehnologiýalaryň ähmiýeti
Häzirki döwürde howanyň üýtgemegi adamzadyň öňünde duran iň möhüm ählumumy meseleleriň biri bolup durýar. Ýer ýüzünde ortaça temperaturanyň ýokarlanmagy, tebigy hadysalaryň ýygylygynyň we güýçlüliginiň artmagy hem-de biodürlüligiň azalmagy tebigy ekoulgamlara, ykdysadyýete we ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerine düýpli täsir edýär.
16.11.2026
1660
Sanly tehnologiýalar boýunça okuw maslahaty geçirildi
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda «Sanly tehnologiýalar – ähli ösüşleriň binýady» atly okuw maslahaty boldy.
16.11.2026
1360
Türkmenistanyň talyplary Indoneziýada geçirilen Ýaş fizikleriň bütindünýä olimpiadasynda 13 medal gazandylar
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary 4 – 9-njy noýabr aralygynda Indoneziýanyň Bali adasynda geçirilen Ýaş fizikleriň bütindünýä olimpiadasynda (World Young Physicists Olympiad, WYPO-2026) ýokary üstünlikli çykyş etdiler.
14.11.2026
2285
Lukmançylyk ulgamy üçin täze okuw gollanmasy neşir edildi
Ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek, lukmançylyk ylmynyň gazananlaryny tejribä ornaşdyrmak hem-de ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Bu ugurda okuw-usulyýet neşirleriniň çap edilmegi hem möhüm ähmiýete eýedir.
14.11.2026
2089
Bilim ulgamynda täze üstünlikler
2026-njy ýylyň 4-10-njy noýabry aralygynda Polşa Respublikasynyň Katowise şäherinde ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda halkara toparlaýyn matematika bäsleşigi (ISTCiM-2026) geçirildi. Abraýly bäsleşige Türkmenistanyň dokuz sany ýokary okuw mekdebiniň talyplary bilen birlikde Awstriýanyň, Beýik Britaniýanyň, Polşanyň, Sloweniýanyň, Italiýanyň, Ispaniýanyň, Germaniýanyň we Fransiýanyň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri gatnaşdylar.
14.11.2026
1983
Halkara hyzmatdaşlyk – ylmy ösüşiň binýady
Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) çäklerinde Türkiýe Respublikasynyň Antalýa şäherinde Türkmenistanyň wekilleriniň Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň (IAEA) Ýadro energetikasy departamentiniň Meýilnamalaşdyryş, maglumat we bilimleri dolandyrmak bölüminiň direktory Wei Huang bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew hem gatnaşdy.
13.11.2026
2456
Türkmen mugallymlary Daşkentde geçirilen sebitleýin okuw maslahatyna gatnaşdylar
Türkmen ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde iňlis dili mugallymlaryny taýýarlamak maksatnamasy (PRESETT) boýunça geçirilen sebitleýin okuw maslahatyna gatnaşdylar.
12.11.2026
2359
«Dil – parahatçylyk köprüsi» atly onlaýn okuw-usulyýet maslahaty geçirildi
11-nji noýabrda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda «Dil – parahatçylyk köprüsi» ady bilen ýokary okuw mekdepleriň arasynda onlaýn okuw-usulyýet maslahaty geçirildi.
12.11.2026
2322
Ýurdumyzyň mekdepleriniň 12-nji synp okuwçylary üçin täze okuw kitaplary çap edildi
Türkmenistanyň Döwlet neşirýat gullugy ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 12-nji synp okuwçylary üçin täze okuw kitaplaryny neşir etdi. Täze «Rus dili» okuw kitabyny O. Pirliýewa, W. Ahundowa, G. Hajymyradowa we O. Starowa taýýarladylar.