Hyzmatdaşlyk
17.02.2022
6691
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde HZG-niň Zähmet kadalary departamentiniň direktory bilen duşuşyk geçirildi
2022-nji ýylyň 16-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň Halkara zähmet guramasynyň Zähmet kadalary departamentiniň direktory Korinn Warga bilen onlaýn duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.
16.02.2022
5881
Türkmenistanyň RF-däki Ilçisi Moskwa şäheriniň meriýasynda duşuşyk geçirdi
Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Batyr Niýazliýewiň Moskwa şäheriniň meriniň (häkiminiň) orunbasary, Ulag we ýol-ulag infrastrukturasynyň ösüşi Departamentiniň başlygy Maksim Liksutow bilen duşuşygy geçirildi.Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.
15.02.2022
7193
Milli Liderimiziň amala aşyrýan “Açyk gapylar” syýasatynyň ugry bilen
Şu gün paýtagtymyzda Zenanlaryň ýagdaýy baradaky komissiýanyň 66-njy mejlisine taýýarlyk görmek boýunça Merkezi Aziýa döwletleri üçin sanly ulgam arkaly Sebit geňeşmeleri geçirildi. Howanyň üýtgemegi bilen baglylykda, gender deňliginiň meselelerine bagyşlanan çäre ýurdumyz hem-de Ýewropanyň we Merkezi Aziýanyň ýurtlary üçin “BMG — Zenanlar” düzüminiň Sebit edarasy bilen bilelikde guraldy.
15.02.2022
7962
Belarus Respublikasynyň ilçisi belarus-türkmen hyzmatdaşlygynyň ösüşi barada gürrüň berdi
Aşgabatda Berlarus Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Wýaçeslaw Beskostyý Belarus Respublikasynyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakynda Respublikan referendumyna taýýarlyk görlüşine bagyşlanan brifing geçirdi.
14.02.2022
3694
GDA-nyň Elektrik energetikasy geňeşiniň 30 ýyllygy
GDA-nyň elektrik energetikasy geňeşiniň döredilmegine 30 ýyl boldy. Ol 1992-nji ýylyň 14-nji fewralynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň elektrik energetika pudagynda döwletara gatnaşyklaryny utgaşdyrmak baradaky şertnama laýyklykda döredilipdi. GDA-nyň elektrik energetikasy geňeşiniň düzümine GDA agza ýurtlaryň elektrik energetikasy müdirlikleriniň we milli energetika edaralaryň ýolbaşçylary girýär. GDA-nyň Elektrik energetikasy geňeşiniň 2021-nji ýylyň 30-njy iýunyndaky 58-nji mejlisiniň karary bilen onuň prezidentligine Russiýa Federasiýasynyň Energetika ministri N.G.Şulginow, wise-prezidentligine bolsa Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.K.Pürçekow bellenildi.
12.02.2022
9156
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirilen brifing
Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň 11-nji fewralda geçirilen mejlisinde kabul edilen taryhy çözgütlere bagyşlanan brifing geçirildi.
12.02.2022
12333
Türkmenistan halkara gatnaşyklar boýunça «Dialog — parahatçylygyň kepili» täze pelsepäni işjeň durmuşa geçirer
Türkmenistan halkara gatnaşyklar boýunça «Dialog — parahatçylygyň kepili» täze pelsepäni işjeň durmuşa geçirer.
07.02.2022
9736
Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäre geçirildi
2022-nji ýylyň 7-nji fewralynda Seul şäherinde Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tegelek stol geçirildi.
07.02.2022
8650
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Koreýa Respublikasynyň Ilçisi bilen duşuşygy geçirildi
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Koreýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Şin Song-çol bilen duşuşdy.
02.02.2022
9910
Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň mejlisi geçirildi
Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat-gullugy habar berýär.