Hyzmatdaşlyk
02.02.2022
8082
Türkmenistan we Pakistan energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşýarlar
2022-nji ýylyň 31-nji ýanwary – 4 fewraly aralygynda, Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça, Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Pakistan Yslam Respublikasyna iş saparyny amala aşyrýar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat-gullugy habar berýär.
31.01.2022
8237
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
Ýakynda Daşary işler ministrliginde ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.
29.01.2022
6389
Türkmenistanyň Daşary işler ministri BMG-niň Baş Sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirliginiň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirdi
2022-nji ýylyň 28-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň Baş Sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirliginiň ýolbaşçysy Wladimir Woronkow bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat-gullugy habar berýär.
29.01.2022
7297
Türkmenistanyň ÝHHG-niň ýanyndaky wekilýeti «Türkmenistanyň ykdysadyýet we daşky gurşaw babatda ileri tutýan ugurlary» boýunça beýannama bilen çykyş etdi
Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Howpsuzlyk komitetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň resmi wekilleri «Türkmenistanyň ykdysadyýet we daşky gurşaw babatda ileri tutýan ugurlary» boýunça beýannama bilen çykyş etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat-gullugy habar berýär.
28.01.2022
7229
Türkmen-Rumyn Daşary işler ministrlikleriniň arasynda onlaýn görnüşde geňeşmeler geçirildi
2022-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda Daşary işler ministrlikleriniň arasynda onlaýn görnüşde türkmen-rumyn geňeşmeleri geçirildi.
28.01.2022
6181
Bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
2022-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň ýedinji mejlisi geçirildi.
28.01.2022
6911
Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagy hakyndaky ylalaşygyň işlenilip taýýarlanylmagy hem-de ylalaşylmagy boýunça bilelikdäki iş toparynyň duşuşygy geçirildi
27-nji ýanwarda «Hazar deňizdäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşygyň» taslamasyny işläp taýýarlamak we ylalaşmak boýunça Bilelikdäki Iş toparynyň dördünji mejlisi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat-gullugy habar berýär.
28.01.2022
8756
Türkmen-rus gatnaşyklaryny mundan beýläk hem ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşyldy
2022-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Aleksandr Blohiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat-gullugy habar berýär.
27.01.2022
7965
2022-nji ýylda nobatdaky Türkmen-Amerikan işewürler geňeşiniň mejlisi geçirilmegi meýilleşdirilýär
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Merdowyň hem-de Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Metýu Stiwen Klimouň arasynda duşuşyk geçirildi.
27.01.2022
6207
Türkmenistanyň DIM-niň we HHR-iň diplomatlary geçirilen «Merkezi Aziýa – Hytaý» sammitiniň netijelerini ara alyp maslahatlaşdylar
Düýn Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sýan Naýçen bilen duşuşygy geçirildi, onuň barşynda diplomatlar şu ýylyň 25-nji ýanwarynda «Merkezi Aziýa – Hytaý» sanly ulgam arkaly geçirilen sammitiniň netijelerini ara alyp maslahatlaşdylar.