Hyzmatdaşlyk
23.04.2026
3757
Rumyniýada Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna we 2026-njy ýylyň şygaryna bagyşlanan halkara ylmy tegelek stol maslahaty geçirildi
2026-njy ýylyň 22-nji aprelinde Buharest şäheriniň Agrar ylymlary we weterinar lukmançylygy uniwersitetinde Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasy bilen bilelikde gibrid görnüşde halkara ylmy tegelek stol maslahaty geçirildi.
23.04.2026
3091
Türkmenistanyň Ilçisi Ýaponiýanyň Ykdysady ösüş strategiýasy we durmuş taýdan üpjünçilik özgertmeleri boýunça ministri bilen duşuşdy
2026-njy ýylyň 23-nji aprelinde Tokio şäherinde Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A.Baýramow Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň agzasy, Ýaponiýanyň Ykdysady ösüş strategiýasy we durmuş taýdan üpjünçilik özgertmeleri boýunça ministri Minori Kiuçi bilen duşuşdy.
23.04.2026
3545
Türkmen wekiliýeti «INNOPROM. Merkezi Aziýa» atly 6-njy halkara senagat sergisine gatnaşdy
2026-njy ýylyň 20-22-nji aprelinde Daşkent şäherinde Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministriniň orunbasary B.Tatowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti «INNOPROM. Merkezi Aziýa» atly 6-njy halkara senagat sergisiniň işine gatnaşdy.
23.04.2026
3113
Türkmenistanyň wekiliýeti neşe jenaýatçylygyna garşy göreşe bagyşlanan foruma gatnaşdy
2026-njy ýylyň 20-21-nji aprelinde Samarkant şäherinde Türkmenistanyň içeri işler ministriniň orunbasary O.Kakalyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti «Jemgyýetiň saglygy we howpsuzlygy ugrunda transmilli neşe howplaryna garşy göreşmek» atly halkara foruma gatnaşdy. Forum Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Administrasiýasynyň ýanyndaky Neşe serişdelerine we ot açýan ýaraglara gözegçilik etmek boýunça agentligi we Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirligi bilen bilelikde guraldy.
23.04.2026
3322
Türkmenistanyň Prezidenti Astanada BMG-niň howandarlygynda sebit ekologiýa merkezlerini döretmegi teklip etdi
22-nji aprelde Astana şäherinde geçirilen Sebitleýin ekologiýa sammitinde eden çykyşynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ählumumy howa wehimlerine garşy göreşmekde tagallalaryny birleşdirmäge çagyrdy.
21.04.2026
4466
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Merkezi Aziýa döwletleriniň zenan ýolbaşçylarynyň Dialogynyň mejlisine gatnaşdy
Şu gün Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Merkezi Aziýa döwletleriniň zenan ýolbaşçylarynyň Dialogynyň mejlisine göni wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdy.
21.04.2026
4162
Türkmenistanyň wekiliýeti UNESCAP-yň 82-nji sessiýasyna gatnaşýar
BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti boýunça Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça komissiýasynyň (UNESCAP) ştab-kwartirasy bolan BMG-niň Maslahatlar merkezinde ESCAP-yň 82-nji sessiýasy öz işine başlady.
21.04.2026
3959
Bilermenler: «Sebitleriň arasynda dost bolmak möhüm we geljegi uludyr»
Şu günler Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategik barlaglar boýunça ylmy merkeziniň seljerijileri Merkezi Aziýa sebitiniň bilermenleriniň we Aýlag ýurtlarynyň barlagçylarynyň gatnaşmagynda geçirilen onlaýn-maslahata gatnaşdylar.
21.04.2026
3248
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran hökümetara toparynyň bilelikdäki başlyklarynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi
2026-njy ýylyň 20-nji aprelinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher gurluşygy ministri Farzane Sadegiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
20.04.2026
3661
Türkmenistanyň DIM-de BSGG-niň Ýurt boýunça edarasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 20-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Aşgabatdaky Ýurt boýunça edarasynyň ýolbaşçysy Ýegor Zaýsew bilen duşuşygy geçirildi.