Hyzmatdaşlyk
12.11.2026
2259
XIII Türkmen-German Forumy: saglygy goraýşy kämilleşdirmek ugrunda
Şu gün Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan Halkara okuw-ylmy merkezinde sanly ulgam arkaly guralan saglygy goraýyş boýunça XIII Türkmen-german forumy öz işine başlady.
12.11.2026
1954
Türkmen halkynyň Milli Lideri BMG-niň howandarlygynda Halkara ekologiýa kodeksini işläp taýýarlamagy teklip etdi
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) çäklerinde geçirilen Liderler sammitindäki çykyşynda Türkmenistanyň bäşinji başlangyjyny tanyşdyrdy.
12.11.2026
2003
Türkmenistan Howa bilen bagly tehnologiýalary bermek boýunça ählumumy hyzmatdaşlyk formatyny döretmek başlangyjyny öňe sürdi
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) çäklerinde geçirilen Liderler sammitiniň umumy mejlisinde Türkmenistanyň dördünji ählumumy başlangyjyny tanyşdyrdy.
12.11.2026
1895
Gahryman Arkadagymyz açyk halkara platforma hökmünde Howa boýunça Aşgabat dialogyny döretmegi teklip etdi
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) çäklerinde geçirilen Liderler sammitindäki çykyşynda ählumumy ekologiýa hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen ýurdumyzyň ikinji iri başlangyjyny beýan etdi.
12.11.2026
1686
BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) çäklerinde Türkmenistan bilen halkara guramalarynyň arasynda birnäçe resminama gol çekildi
2026-njy ýylyň 11-nji noýabrynda Gahryman Arkadagymyzyň Türkiýe Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistan bilen halkara guramalaryň arasynda birnäçe resminama hem gol çekildi.
12.11.2026
1727
Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 11-nji noýabrynda Antalýa şäherinde BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministri Hakan Fidanyň arasynda duşuşyk geçirildi.
12.11.2026
1756
Türkmenistan «Merkezi Aziýa – Hytaý» formatynda gurluşyk ministrleriniň duşuşygyna gatnaşýar
2026-njy ýylyň 11–13-nji noýabry aralygynda Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde «Merkezi Aziýa – Hytaý» formatynda gurluşyk ministrleriniň duşuşygy geçirilýär. Oňa Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik ministri A. Geldiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşýar.
11.11.2026
2060
Türkmenistanyň wekiliýeti altynnjy Haj we umra maslahaty hem-de sergisine gatnaşdy
Türkmenistanyň müftisi Rahman Gurbanmyradowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 2026-njy ýylyň 8-11-nji noýabry aralygynda Jidde şäherinde geçirilýän Altynjy Haj we umra maslahaty hem-de sergisine gatnaşdy.
11.11.2026
1863
Türkmenistan howanyň üýtgemegi bilen bagly maglumatlaryň aýdyňlygyny üpjün etmek boýunça mümkinçiliklerini pugtalandyrýar
2026-njy ýylyň 10-njy noýabrynda BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň Taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) çäklerinde «Howa maglumatlaryndan tehnologiýalara tarap: “Pariž ylalaşygyna laýyklykda Giňeldilen aýdyňlyk çarçuwasynyň talaplaryny ýerine ýetirmek boýunça Türkmenistanyň mümkinçiliklerini pugtalandyrmak” atly taslama bagyşlanan tematiki sessiýa geçirildi.
11.11.2026
1818
Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 10-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Şener Jebejiniň arasynda duşuşyk geçirildi.