Hyzmatdaşlyk
01.04.2026
4701
Ulag-logistika geçelgeleriniň ösdürilmegi: Türkmen wekiliýetiniň Gruziýanyň portlaryna sapary
2026-njy ýylyň 31-nji martynda resmi saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Poti portunyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy. Duşuşyga Gruziýanyň Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministriniň orunbasary hanym T.Ioseliani, «Gruziýanyň demir ýollary» PJ-niň, Gruziýanyň deňiz ulaglary administrasiýasynyň ýolbaşçylary we beýlekiler gatnaşdylar.
01.04.2026
3778
Türkmenistanyň Ilçisiniň Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Gazagystan strategik barlaglar institutynyň direktory bilen duşuşygy
2026-njy ýylyň 31-nji martynda Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Ilçisi Batyr Rejepowyň Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Gazagystan strategik barlaglar institutynyň (GSBI) direktory Žandos Şaýmardanow bilen duşuşygy geçirildi.
31.03.2026
4497
Türkmenistan — BMG: hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrunda
Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň bäşinji mejlisi geçirildi.
31.03.2026
4467
Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy
2026-njy ýylyň 31-nji martynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi Ahmet Demirok bilen duşuşygy geçirildi.
31.03.2026
4657
Türkmenistan we Gruziýa söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýärler
2026-njy ýylyň 30-njy martynda resmi saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew bilen Gruziýanyň Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministri hanym M.Kwriwişwiliniň arasynda duşuşyk geçirildi.
30.03.2026
5444
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarynyň Gruziýanyň Premýer-ministri bilen duşuşygy
2026-njy ýylyň 30-njy martynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Gruziýa resmi saparynyň çäklerinde wekiliýetiň ýolbaşçysy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew Gruziýanyň Premýer-ministri I.Kobahidze bilen duşuşdy.
30.03.2026
3762
Türkmenistanyň DIM-de türkmen-belgiýa hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2026-njy ýylyň 30-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Belgiýa Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Baku ş.) Žýulýen de Fraýponyň arasynda duşuşyk geçirildi.
30.03.2026
3891
Türkmenistan bilen ÝUNISEF hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar
2026-njy ýylyň 30-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratnanyň arasynda duşuşyk geçirildi.
29.03.2026
3399
Ilçi Szi Şumin: – Hytaý – türkmen gatnaşyklarynyň ösüş depgini syýasy hyzmatdaşlygyň nusgasydyr
Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Szi Şumin Hytaý – Türkmenistan gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlyk derejesine ýetendigini, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Pekine saparynyň bolsa gatnaşyklaryň ösüşinde täze sahypany açandygyny aýtdy.
27.03.2026
4817
Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça iş toparynyň mejlisi geçirildi
2026-njy ýylyň 27-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça iş toparynyň mejlisi geçirildi.