Hyzmatdaşlyk
06.11.2025
4573
«C5+1» köptaraplaýyn formatyň esaslandyrylmagy mynasybetli ýubileý kabul edişlik
2025-nji ýylyň 5-nji noýabrynda Waşington şäherinde, ABŞ-niň Döwlet departamentiniň binasynda «C5+1» köptaraplaýyn formatyň esaslandyrylmagynyň ýubileý duşuşyklaryna bagyşlanan dabaraly kabul edişlik geçirildi.
05.11.2025
4086
Türkmenistanyň ilçisiniň Gruziýanyň Döwlet ministri bilen duşuşygy
2025-nji ýylyň 5-nji noýabrynda Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi D.Seýitmämmedowyň Gruziýanyň ylalaşyk we raýat deňhukuklylygy meseleleri boýunça Döwlet ministri T.Ahwlediani bilen duşuşygy boldy.
05.11.2025
5324
Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjanyň Milli ylymlar akademiýasynyň 80 ýyllygyna bagyşlanan mejlisiniň işine gatnaşdy
2025-nji ýylyň 4-nji noýabrynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Prezidenti Allaberdi Aşirow Azerbaýjanyň Milli Ylymlar Akademiýasynyň Prezidiumynyň edara binasynda geçirilen Azerbaýjanyň Milli Ylymlar Akademiýasynyň 80 ýyllygyna bagyşlanan mejlisiniň işine gatnaşdy.
04.11.2025
5184
Türkmenistanyň DIM-de Owganystanyň Işleri wagtlaýyn ynanylan wekili bilen duşuşyk geçirildi
2025-nji ýylyň 4-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Owganystanyň Türkmenistandaky Işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Fazal Muhammad Sabiriň arasynda duşuşyk geçirildi.
04.11.2025
5296
Birleşen Milletler Guramasynyň Jemgyýetçilik ösüşi boýunça Ikinji Bütindünýä Sammiti öz işine başlady
Katar Döwletiniň Doha şäherinde 2025-nji ýylyň 4 – 6-njy noýabry aralygynda dowam etjek Birleşen Milletler Guramasynyň Jemgyýetçilik ösüşi boýunça Ikinji Bütindünýä Sammiti öz işine başlady.
03.11.2025
5249
«Mitsubishi Heavy Industries, Ltd» kompaniýasy Türkmenbaşy etrabyndaky täze önümçilik toplumynda öňdebaryjy ekologik tehnologiýalaryny ornaşdyrar
«Mitsubishi Heavy Industries» kompaniýasy kömürturşy gazyny (CO2) ýygnap almak boýunça öňdebaryjy tehnologiýalaryna eýe bolup, olary Türkmenbaşy etrabynda kuwwaty 1 million 155 müň tonna bolan täze karbamid dökünlerini öndürýän toplumyň gurluşygynda ornaşdyrylar.
01.11.2025
4606
Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlyk berkeýär
31-nji oktýabrda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna amala aşyrjak iş saparyna taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
31.10.2025
5885
Türkmenistanyň DIM-inde Hindistan Respublikasynyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
2025-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Bandaru Wilsonbabu bilen duşuşdy.
31.10.2025
5907
Türkmenistanyň we Serbiýa Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi
2025-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda Belgrad şäherinde Türkmenistanyň hem-de Serbiýa Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi.
31.10.2025
5264
Yslamabatda geçirilen tegelek stol Türkmenistanyň Bitaraplygynyň ählumumy parahatçylygy ösdürmekdäki ornuny tassyklady
2025-nji ýylyň 28-nji oktýabrynda “The Gulf Observer” habarlar agentligi we “The Gulf Observer Research Forum” ylmy-derňew merkezi Türkmenistanyň Pakistandaky Ilçihanasy bilen bilelikde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bellenilýän Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy” atly tegelek stol geçirdi.