Medeniýet
14.11.2026
2978
Aşgabatda 19 – 20-nji noýabrda Ýewropanyň Medeniýet günleri geçiriler
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Ýewropanyň Medeniýet günlerini geçirmek baradaky teklibi makullady. Bu mesele Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ara alnyp maslahatlaşyldy.
13.11.2026
2691
«Baku tangosy» – doganlyk halka sowgat
Aşgabadyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Azerbaýjan Respublikasynyň Ýeňiş Güni we Döwlet baýdagy güni mynasybetli konsert boldy. Azerbaýjanyň Turkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Gismat Gozalow tomaşaçylara ýüzlenip sözlän sözünde, milli baýram bolan Ýeňiş gününiň Azerbaýjanyň özygtyýarlylygyny we milli birligini alamatlandyrýandygyny belledi.
13.11.2026
1797
Beýik Ýüpek ýolunyň behişdi bedewleri Aşgabatda tanyşdyryldy
Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky ilçihanasynyň Hytaýyň daşary ýurtlar bilen medeni alyş-çalyş assosiasiýasy bilen bilelikde guramagynda «Müňýyllyklaryň behişdi bedewleri: Hytaý sungatynda atlar» atly serginiň dabaraly açylyşy boldy. Çärä diplomatik wekilhanalaryň wekilleri, medeniýet we sungat işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyp ýaşlar hem-de çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylary gatnaşdylar.
12.11.2026
2987
D. Şostakowiçiň 120 ýyllygyna bagyşlanan konsert, «Hytaý sungatynda atlar» atly sergi we beýleki medeni çäreler
Ýakyn günlerde paýtagtymyzda geçiriljek medeni çäreler şäheriň her bir ýaşaýjysyna we myhmanlara dynç alyş günlerini gyzykly we täsirli geçirmäge mümkinçilik berer.
11.11.2026
3427
Goňurdepede gazuw-agtaryş işlerini 2027-nji ýylyň ýazynda geçirmek meýilleşdirilýär
Türkmen-rus Margiana arheologik ekspedisiýasynyň sentýabr – oktýabr aýlarynda bürünç eýýamyna degişli Goňurdepe ýadygärliginde geçirilen üçünji, jemleýji tapgyry tamamlandy.
09.11.2026
4080
Milli sungatyň öwüşginleri
Şu ýylyň 3 — 7-nji noýabrynda Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde «Gorkut ata» atly VI halkara kinofestiwal geçirildi. Oňa dürli ýurtlardan kino işgärleriniň 70-den gowragy öz döreden filmleri bilen gatnaşdylar.
08.11.2026
4029
«Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly V halkara teatr festiwaly öz işini tamamlady
Paýtagtymyzda uly üstünliklere beslenip, ýokary ruhubelentlikde geçirilen «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly V halkara teatr festiwaly şu gün öz işini tamamlady.
08.11.2026
3355
«Leningrad günorta asmanyň astynda» atly sahna oýnunda talyplaryň döredijilik birleşigi
Aşgabatda geçirilýän «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly V halkara teatr festiwalynyň maksatnamasynda Russiýa Federasiýasynyň Moskwanyň döwlet medeniýet institutynyň talyplaryndan düzülen teatr topary aýratyn ünsi çekýär.
08.11.2026
2482
Buhara teatry V halkara teatr festiwalynda «Melikäniň gözýaşlary» sahna oýnuny görkezdi
Şu günler Türkmenistanda geçirilýän «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly V halkara teatr festiwaly Gazagystanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Ermenistanyň döredijilik toparlarynyň sahna eserleri bilen tomaşaçylary tanyşdyrmagy dowam etdirýär.
07.11.2026
2594
Türkmenistan medeni dialogy ösdürmegi we GDA ýurtlarynyň halklarynyň umumy medeni hazynasyny gorap saklamagy goldaýar
Aşgabatda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň mejlisi geçirildi.