mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Sport

news-photo

16.11.2023

total-veiw

23656

Türkmenistanyň MOK-nyň Baş sekretary AOG-niň 2025-nji ýylda Daşkentde Aziýa ýetginjekler oýunlaryny geçirmek boýunça utgaşdyryjy komitetiniň düzümine girdi

Türkmenistanyň Milli olimpiýa komitetiniň Baş sekretary Ata Akmämmedow 2025-nji ýylda Daşkentde geçiriljek Aziýa ýetginjekler oýunlaryny geçirmek boýunça Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň utgaşdyryjy komitetiniň agzasy boldy.

news-photo

15.11.2023

total-veiw

7144

Karate boýunça Aziýanyň açyk çempionatynda türkmen talyby bürünç medaly eýeledi

Türkmenistanly türgen Baýry Baýryýew Almatyda (Gazagystan) geçirilen karate boýunça Aziýanyň açyk çempionatynda bürünç medala mynasyp boldy. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 22 ýaşly 5-nji ýyl talyby 67 kilograma çenli agramda şeýle üstünlik gazandy.

news-photo

13.11.2023

total-veiw

7170

Türkmenistanly samboçy Ýerewanda geçirilen dünýä çempionatynda bürünç medal eýeledi

Türkmenistanly türgen Begenç Baltaýew Ýerewanda geçirilen sambo boýunça dünýä çempionatynda bürünç medal gazandy. Lebap welaýatynyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň 2-nji sport mekdebiniň 28 ýaşly tälimçisi bu üstünligini 79 kg çenli agram derejesinde gazandy. Ýaryşda 24 pälwan medallar ugrunda göreşdi.

news-photo

13.11.2023

total-veiw

10044

Türkmenistanly küştçüler ýetginjekleriň arasynda Italiýada geçirilýän dünýä çempionatyna gatnaşýarlar

Dünýä ýurtlarynyň 93-sinden, şol sanda Türkmenistandan hem şu gün Italiýanyň Montesilwano şäherinde 14, 16 we 18 ýaşly ýetginjekleriň hem-de gyzlaryň arasynda başlanan küşt boýunça dünýä çempionatyna ýygnandylar.

news-photo

12.11.2023

total-veiw

7671

«Deňizçi» Türkmenistanyň futzal boýunça Naýbaşy ligasynda ýene-de öňdeligi eýeledi

Türkmenistanyň futzal boýunça Naýbaşy ligasynda ýurdumyzyň häzirki çempiony Türkmenbaşy şäheriniň «Deňizçi» topary 16-njy tapgyrda 3:2 hasaby bilen Aşgabadyň «Köpetdagyndan» üstün çykyp, ýaryş tertibinde öňdeligi eýeledi.

news-photo

10.11.2023

total-veiw

6230

«Altyn Asyr» AFK-nyň Kubogy ugrunda ýaryşda ikinji gezek «Merwden» üstün çykdy

AFK Kubogy-2023/24 ýaryşynyň Merkezi Aziýa toparyndaky «E» toparçasynda «Altyn asyryň» oýunçylary Marynyň «Merwinden» ikinji gezek üstün çykdylar.

news-photo

10.11.2023

total-veiw

6433

Futzal boýunça Türkmenistanyň Naýbaşy ligasynyň üçünji aýlawy başlandy

Uzaga çeken arakesmeden soň futzal boýunça Türkmenistanyň Naýbaşy ligasynyň oýunlary bilen ýaryşyň 15-nji tapgyry başlandy. Üçünji tapgyryň ilkinji üç tapgyry Maryda geçiriler.

news-photo

07.11.2023

total-veiw

7530

«Altyn asyr» topary paýtagt, «Energetik» toapry Mary derbisinde üstün çykdylar

Futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň ýokary ligasynyň 20-nji tapgyryny jemlän derbileriň ikisi-de çekeleşikli geçdi.

news-photo

05.11.2023

total-veiw

8968

Türkmenistanly boksçular ýetginjekleriň we 18 ýaşlylaryň arasynda Aziýa çempionatynda 7 medal gazandylar

Astanada geçirilen ýetginjekleriň (16 ýaşlylaryň) we 18 ýaşlylaryň arasynda Aziýa çempionatynda türkmen boksçulary jemi ýedi - bir altyn, üç kümüş we üç bürünç medal gazandylar.

news-photo

03.11.2023

total-veiw

7427

«Arkadag» «Şagadamy» utup, futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynda öňdeligini berkitdi

Ýokary liganyň klublarynyň arasynda Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 20-nji tapgyry Aşgabatda iki oýun bilen başlandy.

...260