Ï «Hyzmatly dostlar» hojalyk jemgyýeti türkmen dilindäki emeli aň modelini tanyşdyrdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Hyzmatly dostlar» hojalyk jemgyýeti türkmen dilindäki emeli aň modelini tanyşdyrdy

view-icon 48
«Hyzmatly dostlar» hojalyk jemgyýeti türkmen dilindäki emeli aň modelini tanyşdyrdy

Dünýäniň dürli ýurtlarynda global neýroulgamlaryň meşhurlygy seljerilýän häzirki döwürde türkmen işläp düzüjileri hem döwlet dilinde işleýän milli modelleri döretmek ugrunda işjeňlik görkezýärler we bu ugurda görnükli üstünlikleri gazanýarlar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2026» atly halkara maslahata we sergä hem-de «Türkmentel — 2026» atly XIX halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagynda belleýşi ýaly:

«Sanly ykdysadyýeti ösdürmek, maglumat merkezlerini, giň zolakly internet üpjünçilik ulgamlaryny, bulutlaýyn tehnologiýalary we zatlaryň internetini kämilleşdirmek ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmagyň möhüm şertidir. Emeli aň tehnologiýalaryny önümçilikde, ulag-logistika ulgamlarynda, maglumatlary seljermekde, döwlet dolandyryşynda netijeli ulanmak hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga giň mümkinçilikleri döredýär».

Häzirki wagtda Türkmenistanda ýaş hünärmenler ýurdumyzyň tehnologiýalaryny täze derejä çykarmaga çalyşýarlar, IT-startaplar bolsa barha ösýär. Munuň amala aşmagynda döwlet tarapyndan berilýän goldawyň, her ýyl geçirilýän «Sanly çözgüt» innowasion taslamalar bäsleşiginiň, şeýle hem IT-parkyny we startap ekoulgamyny ösdürmek boýunça başlangyçlaryň ähmiýeti uludyr.

Ýaş işläp düzüjileriň gazanan üstünlikleriniň aýdyň beýany şu günler Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda guralan sergi meýdançasynda öz beýanyny tapýar. Bu ugurdaky gymmatlyklar arasynda «Takyk ulgam» hojalyk jemgyýetiniň işläp taýýarlan türkmen dilinde gepleýän «akylly» kolonkasy, şeýle hem «Hyzmatly dostlar» hojalyk jemgyýetiniň inženerleri tarapyndan döredilen we tälim berlen «Bilgir» intellektual kömekçisiniň aýratyn tapawutlanýandygyny bellemek gerek.

«Bilgir» emeli aň modeli dürli görnüşli meseleleri çözmek üçin işlenip düzüldi. Taslamanyň esasy maksady barlanylan çeşmelere we häzirki zaman algoritmlerine daýanmak arkaly ulanyjylara takyk, peýdaly we ulgamlaşdyrylan jogaplary hödürlemekden ybaratdyr.

«Biz «Bilgir» emeli aň modelini dolulygyna başdan soňuna çenli döretdik. Onuň «ChatGPT» we «Gemini» ýaly daşary ýurt ulgamlaryndan esasy tapawudy, global modelleriň häzirlikçe türkmen dilinde ýalňyşlyklara ýol bermegidir. Biziň önümimiz hut ýerli ulanyjylara gönükdirilendir we türkmen dilini kämil derejede bilýär. Neýroulgam türkmen dilindäki maglumatlar esasynda tälim aldy we milli medeni aýratynlyklarymyzy göz öňünde tutýar. Ulgama soraglara jogap berýän sesli kömekçi hem ornaşdyryldy. «Bilgir» resminamalary taýýarlamaga ukyply bolup, bilim, hukuk we korporatiw ulgamlarda ygtybarly kömekçi bolup biler. Bu işläp taýýarlama eýýäm köp sanly guramalaryň gyzyklanmasyny döredýär» diýip, «Hyzmatly dostlar» toparynyň wekili Hojaýusup Ýazgylyjow belleýär.

Häzirki wagtda bu hyzmat Android we iOS ulgamlary üçin niýetlenen ykjam goşundylar, bilgir.com.tm platformasyndaky web görnüşi, şeýle hem beýleki hyzmatlara birleşdirmek üçin öz API interfeýsi arkaly elýeterlidir. Bu önümi öz taslamalaryny durmuşa geçirýän telekeçiler we ýaş işläp düzüjiler işjeň ulanýarlar.

Häzirki tapgyrda 1.0 wersiýaly model dürli meseleleri çözmäge ukyplydyr. Ol birnäçe sekundyň dowamynda takyk jogaplary tapmaga, çylşyrymly adalgalary düşündirmäge, makalalary, iş hatlaryny we şahsy maglumatlary ýazmaga, dilleriň arasynda terjime etmäge, şeýle hem programma koduny döretmäge we seljermäge mümkinçilik berýär. Topar teksti döretmegiň hilini we infrastrukturanyň durnuklylygyny ýokarlandyrmak boýunça işleri dowam etdirýär. Ýakyn wagtda çykaryljak täzelenmelerde «Bilgir» ulgamynyň mümkinçilikleri has-da giňeldiler. Hususan-da, şekilleri döretmek funksiýasynyň goşulmagy meýilleşdirilýär.

«Hyzmatly dostlar» hojalyk jemgyýetiniň işläp taýýarlamalarynyň hatarynda emeli aň ulgamyndaky çözgütlerden başga-da, kiberhowpsuzlyk boýunça önümler, şol sanda «Gorag» milli antiwirus programmasy hem bar.

Bu önüm öý ulanyjylaryna, kiçi telekeçilik kärhanalaryna we döwlet edaralaryna niýetlenendir. Ol iki görnüşde hödürlenýär: aýratyn kompýuterlerde ýerli goragy üpjün edýän Gorag Standard hem-de enjamlary hasaba almaga, olaryň ýagdaýyna gözegçilik etmäge we howpsuzlygy ýeke-täk merkezi dolandyryş paneli arkaly dolandyrmaga mümkinçilik berýän Gorag Endpoint.

Antiwirus programmasy maglumat binýadynyň internet arkaly hem-de awtonom tertipde howpsuz täzelenmegini, şeýle hem awtonom işjeňleşdirilmegini goldaýar.

Kompaniýanyň sanly önümleriniň toplumy bilen onuň resmi web sahypasynda giňişleýin tanyşmak bolýar.