Hyzmatdaşlyk
24.05.2025
6342
“Merkezi Aziýa – Hytaý” formatynyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy
2025-nji ýylyň 24-nji maýynda Pekin şäherinde “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatynyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow wekilçilik etdi.
23.05.2025
3226
Türkmenistanyň DIM-de HPG bilen hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
2025-nji ýylyň 23-nji maýynda Türkmenistanyň DIM-de Daşary işler ministriniň orunbasary Serdar Muhammetdurdyýew bilen Halkara pul gaznasynyň (HPG) Türkmenistan boýunça missiýasynyň başlygy Anna Rouz Bordonyň ýolbaşçylygyndaky HPG-niň wekiliýetiniň arasynda duşuşyk geçirildi.
23.05.2025
4806
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary
2025-nji ýylyň 21-nji maýynda Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda ýola goýlan parlamentara gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary başlandy.
23.05.2025
5547
“Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary Stambulda geçirilen 7-nji Halkara etnosport festiwalyna gatnaşdy
2025-nji ýylyň maý aýynda Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde bütin dünýäde meşhur çärä öwrülen 7-nji Halkara etnosport medeniýeti festiwaly geçirildi.
22.05.2025
4940
Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky ýurt boýunça toparynyň mejlisi geçirildi
2025-nji ýylyň 22-nji maýynda wideoaragatnaşyk görnüşinde Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky ýurt boýunça toparynyň mejlisi geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, BMG-niň Türkmenistandaky agentlikleriniň we bu guramanyň sebitleýin düzümleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
22.05.2025
5750
Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Ilçisi türkmen talyplary bilen duşuşyk geçirdi
2025-nji ýylyň 21-nji maýynda Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Ilçihanasy Belarus döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Türkmenistanyň Ilçisi N.Şagulýew bilen ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplarynyň arasynda duşuşyk gurady. Çäre Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, şeýle hem möhüm senä – Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlandy.
22.05.2025
6841
Türkmenistanyň wekiliýeti Merkezi we Günorta Aziýanyň arasyndaky arabaglanyşyk boýunça Termez dialogynyň birinji mejlisine gatnaşdy
2025-nji ýylyň 20-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow “Parahatçylygyň, dostlugyň we abadançylygyň umumy giňişligini gurmak” atly Merkezi we Günorta Aziýanyň arasyndaky arabaglanyşyk boýunça Termez dialogynyň birinji mejlisine gatnaşdy.
21.05.2025
5023
Türkmenistan BMG bilen ýaşlar syýasaty babatyndaky hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirýär
2025-nji ýylyň 21-nji maýynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Baş sekretarynyň Ýaşlaryň işleri boýunça kömekçisi Felipe Paulýeriň arasynda duşuşyk geçirildi.
21.05.2025
5136
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy geçirildi
2025-nji ýylyň 20-nji maýynda Tähran şäherinde türkmen wekiliýetiniň Eýrana iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian bilen duşuşygy geçirildi.
21.05.2025
4324
Tähran şäherinde Hökümetara türkmen-eýran toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
2025-nji ýylyň 19-20-nji maýynda Tähran şäherinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-eýran toparynyň 18-nji mejlisi geçirildi. Mejlise iki ýurduň birnäçe döwlet edaralarynyň we işewür toparlarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.