Medeniýet
08.09.2023
7845
Şekillendiriş sungaty mugallymlarynyň eserleriniň sergisi guraldy
Suratkeşler birleşiginiň Sergi merkezinde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň surat bölüminiň mugallymlarynyň 21-siniň eserleriniň sergisi guraldy.
08.09.2023
56622
Türkmenistanyň neşirýat gullugy Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli täze kitaplary neşir etdi
Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň dünýä inmeginiň 300 ýyllygy mynasybetli, Türkmen döwlet neşirýat gullugy türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyrynyň mirasyna bagyşlanan birnäçe kitaby neşir etdi.
07.09.2023
6555
Ylham gözýetimleri: Aşgabatda Gülşat Annamyradowanyň şahsy sergisi açyldy
2023-nji ýylyň 6-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Döwlet Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistan Suratkeşler birleşiginiň agzasy Gülşat Annamyradowanyň şahsy sergisi açyldy. Suratkeş Gülşat Annamyradowa Köpetdag etekleriniň we Garagum sährasynyň gözýetimden aşyp gidýän alaňlarynyň gözellikleriniň suratyny çekýär.
07.09.2023
7130
Rus sirkiniň artistleriniň Balkanabatdaky çykyşy we ýurdumyzda geçiriljek medeni çäreler
10-njy sentýabrdan Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde Wernadskiý prospektindäki Uly Moskwa döwlet sirkiniň we Swetnoý Bulwardaky Nikulin sirkiniň artistleriniň çykyşlary başlanýar. Sirkiň artistleriniň çykyşlary «Türkmeniň ak öýi» binasynyň sahnasynda bolar.
07.09.2023
7840
Gülnäz Rozykulowanyň doglan gününe bagyşlanan sergi
Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň sergi merkezinde Gülnäz Rozykulowanyň ýubileý sergisiniň açylyş dabarasy boldy.
06.09.2023
8018
Zehinli çagalar — Watanymyzyň geljegi
Şu gün Ak bugdaý etrabynyň «Nowruz ýaýlasyndaky» «Türkmeniň ak öýi» binasynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygyna bagyşlanyp, zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly aýdym-saz bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylaryň konserti geçirildi.
06.09.2023
5175
«Ýüpek ýoly» sergisiniň myhmanlary Türkmenistanyň baý medeni mirasy bilen tanyşdylar
Türkmenistanyň wekiliýeti Hytaýyň Gansu welaýatynyň Dunhung şäherinde geçen «Ýüpek ýoly» atly VI Halkara medeniýet sergisiniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
05.09.2023
8164
Türkiýäniň üç şäherinde Magtymguly barada film surata düşüriler
Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan Magtymguly Pyragy hakynda dokumental filmleri surata düşürmek taslamasy bilen meşgullanýan režissýor Hekim Alowowyň ýolbaşçylygyndaky ýene bir topar Türkiýe Respublikasyna döredijilik saparyna taýýarlanýar.
05.09.2023
6135
Hytaýda geçiriljek Halkara halk döredijiligi festiwalyna Türkmenistanyň wekilleri gatnaşar
Türkmenistan, 2023-nji ýylyň 15-18-nji sentýabry aralygynda Demirgazyk Hytaýyň Hebeý welaýatynyň Lanfan şäherindäki «Ýüpek ýoly» halkara sungat merkezinde geçiriljek «Bir guşak, bir ýol – Beýik diwar» atly ikinji halkara halk sungaty festiwalyna gatnaşmaga çagyryldy.
04.09.2023
7101
Wengriýada türkmen alymlary tarapyndan Magtymguly Pyragynyň döredijiligi barada täze tapylan golýazmalar
Gündogaryň beýik akyldar we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek boýunça meýilnama laýyklykda, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alymlary şahyryň ömri we döredijiligi bilen, şeýle hem türkmen halkynyň taryhy, edebiýaty we medeni mirasy bilen baglanyşykly çap edilen hem-de golýazmalar çeşmelerini ýüze çykarmakda uly göwrümli işleri alyp barýarlar.